Putin daşary ýurtlularyň Russiýa Federasiýasynda bolmak möhletini uzaltdy

  • 25.09.2020 18:27
  • 17k+

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin COVID-19 ýokanjynyň ýaýran döwründe Russiýa Federasiýasyndaky daşary ýurtlularyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuk ýagdaýyny düzgünleşdirmek boýunça görülýän çäreleriň möhletini 15-nji dekabra çenli uzaltmak barada karara gol çekdi. Prezidentiň degişli karary kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň resmi portalynda çap edildi diýip, INTERFAX.RU habar berýär.

Resminamada laýyklykda, daşary ýurtly raýatlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Russiýada wagtlaýyn bolmagynyň, wagtlaýyn ýa-da hemişelik ýaşamagynyň 15-nji sentýabra çenli togtadylan möhletleri, şeýle hem daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň Russiýa Federasiýasyna meýletin göçürilmegine kömek bermek boýunça döwlet maksatnamasyna gatnaşýanlaryň ýurduň çäginden daşarda bolmagynyň möhletleri 2020-nji ýylyň 15-nji dekabryna çenli uzaldyldy.
Mundan başga-da, Putin daşary ýurtlulara, "şahsyýetini tassyklaýan we Russiýa Federasiýasynda ykrar edilýän resminamasynyň möhleti 2020-nji ýylyň 14-nji martynda gutaran ýagdaýynda", şol resminama bilen Russiýa Federasiýasyndan "raýaty bolup durýan döwletlerine" (beýleki ýurtlaryň çäklerinden üstaşyr geçmezden) gitmäge rugsat berdi.

şu gün 15:51
3.1k+

Antarktidadaky Erebus wulkany altyn sowurýar

​Anatarktidada ýerleşýän, planetanyň günortadaky iň işjeň wulkany bolan Erebus, her gün atmosfera gazy we bugy bilen bilelikde altynyň mikroskopik bölejiklerini-de zyňýar. Barlagçylar wulkanyň zyňyndylarynyň......

24.04.2026 18:54
8.9k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

22.04.2026 01:04
7.8k+

«A23a tükendi». Dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan buzluk öz meýdanynyň 99%-ini ýitirdi

2025-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan A23a buzlugy öz «ýaşaýşyny» bes etdi diýen ýaly. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-barlag instituty habar berdi....

21.04.2026 16:23
10k+

Braziliýada ýagan güýçli doly müňlerçe awtoulaga zyýan ýetirdi

Geçen hepdäniň ahyrynda Braziliýanyň San-Paulu şäherine uly möçberli doly ýagdy. Bu tebigy hadysa şäheriň infrastrukturasyna we ilatyň emlägine uly zeper ýetirdi....