Nike-iň arassa girdejisi 2020-2021-nji maliýe ýylynyň birinji çärýeginde 11% ýokarlandy

  • 24.09.2020 11:19
  • 6k+

Amerikan sport eşiklerini öndüriji Nike 31-nji awgustda tamamlanan 2020-2021-nji maliýe ýylynyň birinji çärýeginiň jemi boýunça arassa girdejisini ýyllyk aňlatmasynda 11% ýokarlandyryp, 1,518 milliard dollara çenli ýetirdi. Bu barada kompaniýanyň maliýe hasabatynda aýdylýar. Muny 1prime.ru ýetirýär.

Hasabat döwründe paýyň azaldylan girdejisi bir ýyl ozalky 0,86 dollardan 0,95 dollara çenli ýokarlandy. Kompaniýanyň girdejisi 1%, ýagny 10,59 milliard dollara çenli azaldy. Walýuta üýtgemelerini hasaba almasaň, görkeziji geçen maliýe ýylynyň birinji çärýeginiň derejesinde galdy.
Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde we Latyn Amerikasy ýurtlarynda girdeji 18% pese düşdi, Hytaýda – 6% ýokarlandy, Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlarynda – 5% artdy, Demirgazyk Amerikada – 2% pese düşdi.
Kompaniýanyň onlaýn-söwdasy iýun-awgustda 82% ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde, Nike fiziki dükanlaryň köpüsiniň çärýegiň dowamynda açyk bolandygyna garamazdan, olaryň girdejisiniň azalandygyny belleýär.
Nike kompaniýasynyň paýnamalary sişenbe güni goşmaça söwdada 13,1% gymmatlady. Ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň kapitaly 15,4%, ýagny $176,84 milliarda çenli ýokarlandy.
Nike Inc. amerikan kompaniýasy sport egin-eşiklerini, aýakgaplary we aksessuarlary öndürmek boýunça dünýä bazaryndaky liderleriň biri bolup durýar. Ol 1964-nji ýylda esaslandyryldy, onuň ştab-kwartirasy Biwertonda (Oregon ştaty, ABŞ) ýerleşýär.

düýn 20:25
3.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.7k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......