Çehiýanyň Saglyk ministri COVID-19 sebäpli wezipesinden çekilýär

Çehiýanyň Saglyk ministri COVID-19 sebäpli wezipesinden çekilýär

Çehiýanyň Saglyk ministri Adam Woýteh ýurtda koronawirus keseliniň köpelmegi sebäpli wezipesinden çekildi. Bu barada Associated Press habar gullugyna salgylanyp, interfax.ru habar berýär.

Çeh radiosynyň habaryna görä, ol öz işinden aýrylýandygyny metbugat ýygnagynda mälim etdi.

"Eýýäm dokuz aý bäri COVID-19 bilen iş salyşýarys. Meniň pikirimçe, ähli kärdeşlerim we men raýatlarymyzy keselden goramak üçin gije-gündiz elimizden gelenini etdik. Keseliň ilkinji ýaýrawyndan gaty gowy baş alyp çykdyk diýip bilerin. Bu gowy tejribe boldy we men toparym bilen hiç zatdan utanmalydyrys öýdemizok"- diýip, Woýteh belledi.

Ýazda ýurtda wirusyň ýaýramagyna garşy göreşilen-de bolsa, häzirki wagtda Çehiýada epidemiologik ýagdaýyň çylşyrymlaşandygy bellenilýär. Geçen anna güni ýerli lukmanlar bir gije-gündiziň içinde 3130 täze ýokuşmany hasaba aldylar, bu bolsa öňküsi gün bilen deňeşdirilende, müňe golaý köpdür.
Çeh habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, kesel ýokuşanlaryň sanynyň gündelik köpelmegi boýunça Çehiýa ÝB-de Ispaniýadan soň ikinji ýerde durýar. Umuman alanyňda, ýurtda koronawirus üçin položitel synag tabşyran 49,290 näsag ýüze çykaryldy, şolardan 503 adam ýogaldy.