Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 30 mln-dan geçdi

  • 18.09.2020 15:27
  • 11k+

Koronawirus bilen kesellänleriň tutuş dünýä boýunça sany 30 milliondan geçdi. Muny halkara guramalarynyň, federal we ýerli häkimiýetleriň maglumatlary esasynda hasaplamalary alyp barýan Jons Hopkins uniwersitetiniň maglumatlary tassyklaýar, diýip TASS habar berýär.

Uniwersitetiň maglumatlaryna görä, kesellänleriň sany 30 003 378, aradan çykanlar 943 203 adam, gutulanlar 20 398 381 adam. Kesellileriň iň köp ýaýran ýeri ABŞ-da (6 664 021) hasaba alyndy. Ondan soňra Hindistan (5 118 253) we Braziliýa (4 419 083).

düýn 23:49
223

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....