Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara mediaforum geçirildi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara mediaforum geçirildi

16-njy sentýabrda Aşgabatda köpçülikleýin habar beriş ulgamyndaky abraýly halkara we sebit guramalarynyň, diplomatik toparlaryň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň, syýasatşynas bilermenleriň gatnaşmagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara mediaforum geçirildi.

Wideomaslahat aragatnaşygy arkaly 68 ýurtdan wekilleriň 300-den gowragy oňa goşulyşdylar. Ol Söwda-senagat edarasynda onlaýn görnüşinde geçirildi.
Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, Türkiýe Respublikasynyň “TRT” teleradiokorporasiýasynyň baş direktory we başlygy Ibragim Eren sebitleriň hem-de yklymlaryň ýurtlarynda türkmen Bitaraplygynyň oňyn tejribesine uly üns berilýändigini nygtady.
ABU-nyň baş sekretary Jawad Mottagi Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty netijesinde, oňyn gepleşikleriň hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň açyk meýdançasyna öwrülendigini, sebitde hem-de tutuş dünýäde parahatçylygy üpjün etmäge uly goşant goşýandygyny belledi.
Hindistanyň “Prasar Bharati” ýaýlymlar kompaniýasynyň baş direktory, Şri-Lankanyň “MTV Channel” toparynyň, Ýewropanyň ösüş we howpsuzlyk institutynyň ýolbaşçylary we beýleki çykyş edenler dünýä bileleşiginiň Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde dawaly meseleleri çözmäge gönükdirilen sazlaşykly hereketleriň örän wajypdygy barada birmeňzeş pikiri aýtdylar.