Barbadoslylar britan täjinden ýüz öwürmek kararyna geldiler

  • 17.09.2020 08:05
  • 7.6k+

Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II özüniň titullarynyň birini ýitirer. Ol diňe bir Birleşen Korollygyň monarhy däl-de, eýsem, Arkalaşyga girýän birnäçe uly we kiçi ýurtlaryň hem şa zenanydyr. Şeýle ýurtlaryň biri – Barbados respublika bolmak we Ýelizaweta II-ni döwlet baştutany statusyndan mahrum etmek kararyna geldi. 2021-nji ýylda Barbados respublikanyň resmi statusyny alar. Degişli bildiriş bilen Barbadosyň general-gubernatory Sandra Meýson çykyş etdi. Bu barada inforos.ru habar berýär.

“Kolonial geçmişimizi yzda galdyrmagyň wagty geldi. Barbadosyň ýaşaýjylaryna öz döwlet baştutany gerek. Biz doly özygtyýarlylyga tarap indiki logiki ädimi äderis we garaşsyzlygymyzyň 55 ýyllygynda respublika bolarys” – diýip, Barbados Today täzelikler portaly onuň sözlerini getirýär.

Barbados bu günki gün köp ilatly we gülläp ösen karib adalarynyň biri hasaplanylýar. Ol garaşsyzlygyny 1966-njy ýylda gazandy. Döwlet Beýik Britaniýanyň ýolbaşçylygyndaky Arkalaşygyň düzümine girýär. Onuň ýolbaşçysy general-gubernator tarapyndan wekilçilik edilýän Beýik Britaniýanyň şa zenanydyr. Adanyň ilaty 287 müň töweregi adama barabar.
Ýelizaweta II barada aýdylanda, ol häzirki günde Birleşen Korollykdan we Barbadosdan başga-da, onlarça döwletiň şa zenany hasaplanylýar (Antigua we Barbuda, Awstraliýa, Bagama adalary, Beliz, Grenada, Kanada, Täze Zelandiýa, Papua – Täze Gwineýa, Sent-Kits we Newis, Sent-Lýusiýa, Sent-Winsent we Grenadinler, Solomon adalary, Tuwalu, Ýamaýka).

şu gün 01:20
1.1k+

Daşary işler ministrligi ukrain teleýaýlymynda Türkmenistan barada berlen ýalan habar boýunça ýazgarma bilen çykyş etdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ukrainanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistan barada ýaýradylýan maglumatlar bilen baglylykda beýannama bilen çykyş etdi. Türkmen tarapy 2025-nji ýylyň...

düýn 17:16
2.4k+

ABŞ ýokarlandyrylan gümrük paçlarynyň güýje girizilmegini awgusta çenli yza süýşürdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp daşary ýurtlardan getirilýän harytlara salynýan gümrük paçlarynyň wagtlaýyn togtadylmagyny 2025-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli uzaltdy. Bu barada Ak tamyň resmi web sahypasynda habar berilýär...

düýn 11:38
1.9k+

Raşid Meredow Eswatiniden we Lesotodan kärdeşleri bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi

7-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Lesoto Patyşalygynyň daşary işler we halkara gatnaşyklar ministri Ležone Mpotžoane hem-de Eswatini Patyşalygynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri hanym Folile Şakantu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi...

düýn 10:12
12k+

Türkmenistanyň Prezidenti Tehasdaky suw joşgunlary zerarly ABŞ-nyň Prezidentine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Tehas ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...