PepsiCo ukusyzlyga garşy içgini hödürledi

PepsiCo ukusyzlyga garşy içgini hödürledi

PepsiCo alkogolsyz içgileri uly öndüriji – amerikan kompaniýasynyň işgärleri ýurduň ýaşaýjylarynyň pandemiýa wagtynda başdan geçirýän dartgynly ýagdaýlary (stres) bilen göreşmek kararyna geldiler. Olar täze önümi, ýagny köşeşdiriji aýratynlyklary bolan böwürslen-lawandaly gazly içgini oýlap tapdylar we ony bazara çykarýarlar. Bu barada CNBC telekanalyna salgylanyp, plus-one.ru ýetirýär.

Öndürijiler Driftwell adyny alan içginiň adama ukudan öň rahatlanmaga kömek etjekdigini aýdýarlar. Ol düzüminde 200 g L-teanini (organizmiň strese täsirini peseldýän we ukynyň hilini ýokarlandyrýan tebigy antidepressant bolan aminokislota) we magniýniň (nerw ulgamynyň işini üpjün edýän makroelement) gündelik normasynyň 10%-ini saklaýar.
Täze içgi 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde satuwa çykmaly. Içgi diňe 7,5 unsiýalyk (30 g töweregi) mini-bankalarda çykarylar. Öndürijileriň pikiriçe, bu adama “gije turmazlyk üçin” laýyk göwrüm.
CNBC-niň habar bermegine görä, ukusyzlyga garşy içgini taýýarlamak işi koronawirus pandemiýasynyň ýüze çykmazyndan öň başlady. Ýakynda Euromonitor International kompaniýasy 2019-njy ýylda ABŞ-da suw esasly içgileriň satuwynyň 2,97 milliard dollara ýetendigini hasaplady. Bu ýylda görkeziji, çen bilen 5% ýokarlanmaly.
Öň, PepsiCo-nyň “ýaşyl energetika” geçýändigi habar berildi, Pepsi, Tropicana we Gatorade içgileriniň önümçiliginde eýýäm gün batareýleri gurnaldy.