ÝDÖB Türkmenistanda bank pudagynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýollaryny aýtdy

  • 14.09.2020 23:16
  • 13k+

Türkmenistanyň maliýe pudagyna goşmaça daşary ýurt maýa goýumlary onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrar we ösüşine hem-de kämilleşmegine ýardam eder diýip, Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş bankynyň (ÝDÖB) wekili Anton Usow Trend-e aýtdy.

“Biz ýerli türkmen hem- daşary ýurt banklarynyň, şol sanda Merkezi Aziýadan, söwda maliýe pudagynda hyzmatdaşlygyň artýandygyny görmek isleýäris” – diýip, Usow sözüniň üstüni ýetirýär.

Usow Türkmenistanyň bank pudagynyň ýurduň ykdysady işine goldaw bermekde we, aýratynam, ýerli kiçi hem-de orta kärhanalary maliýeleşdirmekde möhüm rol oýnaýandygyny belledi.
Mundan başga-da, ÝDÖB Rysgally El arassaçylyk harytlaryny öndürijini goldamak üçin ozal 1,3 million dollar karz berdi.

Özüniň Türkmenistanda alyp barýan işiniň bütin dowamynda Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş banky (ÝDÖB) ýurduň dürli pudaklarynda 70 taslama 272 million ýewro maýa goýdy diýip, Usow öň belläp geçdi.
Şeýle maýa goýum 200-den gowrak kiçi we orta kärhanalara iş-maslahatyny almaga mümkinçilik berdi diýip, Usow sözüniň üstüni ýetirdi.
Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş banky Türkmenistanyň korporatiw we maliýe pudaklarynda hususy telekeçiligiň ösdürilmegine aýratyn üns berýär.

 

şu gün 14:29
322

DIM-niň HGI-de Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

7-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýiti zehininden dörän “Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy...

şu gün 14:01
372

Aşgabat ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girdi

7-nji dekabrda şäher häkimliginde Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilendigi baradaky güwänamany gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu barada çözgüt 4-nji dekabrda kabul edildi...

şu gün 13:52
943

Serdar Berdimuhamedow Hökümet ýolbaşçylaryny we diplomatlary ýubileý medaly bilen sylaglady

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Karara gol çekdi. Bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny...

şu gün 13:36
1.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny ýubileý medaly bilen sylaglady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi...