Türkmenistanyň Prezidenti ahalteke bedewleri bilen didarlaşyp, serhetçiler bilen gürrüňdeş boldy

  • 14.09.2020 12:04
  • 11k+

Gurbanguly Berdimuhamedow ýekşenbe güni säher bilen dag eteklerinde welosipedli gezelenç etdi we ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Şapolat atly bedew bilen birsellem gezim etdi.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň çäklerini goraýan we gulluk borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirýän esgerleriň ýanynda saklandy. Nobatçy esger serhediň asudadygy barada ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hasabat berdi.
Türkmen Lideri hasabaty kabul edip, serhetçileriň gullugy, dynç alyş şertleri bilen gyzyklandy. Harby gullukçylar hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlup, ulanylmaga berlen serhet galasynyň döwrebap toplumynda ähli zerur şertleriň, amatly mümkinçilikleriň döredilendigini aýdyp, munuň üçin milli Liderimize ähli serhetçileriň adyndan hoşallyk bildirdiler.
Döwlet Baştutany serhetçileriň gulluga gelip, öwrenýän hünärleri, dynç alyşlary we naharlanyşy bilen gyzyklandy. Harby gullukçylar serhet galasynda beden we ruhy taýdan kämilleşmek, şol sanda sport bilen meşgullanmak üçin amatly şertleriň döredilendigini buýsanç bilen aýtdylar.
Şeýle hem milli Liderimiz serhetçilerden geljekde haýsy hünäriň eýesi bolmagy arzuw edýändiklerini sorady. Esgerler arzuw edýän hünärleri barada gürrüň berdiler.
Şeýle hem serhetçiler milli Liderimiziň sowallaryna jogap berip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görýändiklerini, şanly sene mynasybetli guraljak dabaraly harby ýörişde döwletimiziň serhet gullugynyň tehniki binýadynyň üstüni ýetiren döwrebap harby tehnikalaryň geçiriljekdigini buýsanç bilen habar berdiler.
Döwlet Baştutany şu ýyl ýene-de bir şanly wakanyň — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllyk senesiniň, geljek ýylda ýurdumyzda Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň belleniljekdigini aýdyp, şonda döwletimiziň şu döwürde ýeten derejesiniň, kuwwatynyň görkeziljekdigini belledi.

şu gün 00:07
917

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

şu gün 00:03
666

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 23:56
1.3k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

düýn 23:53
996

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....