Türkmenistan Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça garaýyşlaryny beýan etdi

  • 13.09.2020 10:44
  • 14k+

Türkmenistan Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça gepleşikleri geçirmek üçin özüniň syýasy giňişligini bermek arkaly ýardam etmäge taýýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde habar berdiler.

12-nji sentýabrda Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde 30-a golaý ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, halkara guramalarynyň hem-de “Talyban” hereketiniň wekilleriniň gatnaşmagynda Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça gepleşikler başlandy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikleriň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasynda sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny berkitmäge gönükdirilen parahatçylygy ilerletmek boýunça hereketleri goldaýandygyny belledi.
Türkmenistanyň hemişe ýüze çykýan meseleleriň diňe diplomatik we syýasy gurallar arkaly çözülmeginiň tarapdarydygy we gepleşiklere, şol sanda gepleşikleri geçirmek üçin özüniň syýasy giňişligini bermek arkaly ýardam etmäge taýýardygy nygtaldy.
Şeýle hem dürli ugurlardaky, hususan-da energetika, ulag, aragatnaşyk we senagat ulgamlarynda iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi arkaly Owganystanyň ykdysady ösüşine goşant goşmagyň ähmiýeti babatynda bellenilip geçildi.

şu gün 11:38
202

Raşid Meredow Eswatiniden we Lesotodan kärdeşleri bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi

7-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Lesoto Patyşalygynyň daşary işler we halkara gatnaşyklar ministri Ležone Mpotžoane hem-de Eswatini Patyşalygynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri hanym Folile Şakantu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi...

şu gün 10:12
2.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti Tehasdaky suw joşgunlary zerarly ABŞ-nyň Prezidentine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Tehas ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

şu gün 10:01
1.1k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi

7-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär...

şu gün 09:53
1.4k+

BAE-niň Hökümeti TON kriptowalýutasyny alanlara "altyn wiza" beriljekdigi baradaky habary ret etdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümeti Toncoin kriptowalýutasyny 100 müň dollar möçberinde steýking etmek (şol kriptowalýutanyň hasabyna şol möçberde pul goýmak) we 35 müň dollar komissiýa tölemek arkaly "altyn wiza" almak mümkinçiligi baradaky TON Foundation tarapyndan ýaýradylan habarlaryň hakykata laýyk däldigini mälim etdi...