Türkmenistanyň Prezidenti milli dokma önümlerini ilerletmekde mahabatyň ähmiýetini belledi

  • 12.09.2020 14:45
  • 9.2k+

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde dokma önümleriniň dükanlary açylar. Bu barada wise-premýer Ç.Gylyjow Hökümet mejlisinde habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Aşgabat şäherinde Dokma senagaty ministrliginiň ýöriteleşdirilen dükanlary açylar. Şolarda Türkmenistanda öndürilýän we uly islegden peýdalanýan ekologiýa taýdan arassa hem-de ýokary hilli dokma önümleriniň söwdasy guralar.
Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda dokma pudagynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy hem-de önümçilik binýadynyň tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagy netijesinde, hil we ekologiýa howpsuzlygy babatda degişli halkara ölçeglerine kybap gelýän taýýar önümleriň görnüşleriniň artdyrylýandygyny belledi. Munuň özi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň binýadynyň barha pugtalanýandygyna güwä geçýär.
Dokma önümlerini has-da işjeň ilerletmek üçin degişli mahabat, hususan-da, soňky ýyllarda meşhurlyk gazanan milli nyşanly harytlary mahabatlandyrmak zerurdyr. Şeýle hem ilatyň möwsümleýin isleglerine görä, dünýä ýörelgelerine gabat gelýän gelşikli lybaslaryň önümçiligi işlenip taýýarlanylmalydyr diýip, türkmen Lideri belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň kärhanalary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, dükanlarda söwdany guramak we alyjylar üçin oňyn şertleri döretmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

şu gün 00:03
1.2k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
1k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
476

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
994

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......