Ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça maşgala lukmanlarynyň hünär derejesi ýokarlandyrylýar

  • 12.09.2020 12:15
  • 13k+

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti Aşgabat şäherinde hem-de Ahal welaýatynda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça maşgala lukmanlary üçin okuwlary guraýar. Bu barada guramanyň web sahypasyna salgylanyp, ORIENT habar berýär.

Bu okuwlar koronawirus ýokanjynyň dünýäde ýaýran döwründe Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň kuwwatyny has-da ýokarlandyrýar. Maşgala lukmanlary bu ulgamda saglyk bilen bagly mesele ýüze çykanda ilkinji ýüz tutulýan adamlar bolup durýar. Şonuň üçin hem tutuş ýurduň ilatynyň saglyk derejesi maşgala lukmanlarynyň hünär derejesi bilen berk baglanyşyklydyr.
Okuw-seminarlarynda saglygy goraýyş işgärleri ýiti respirator keselli näsaglary ýüze çykarmagyň, saýlamagyň we kliniki taýdan öwrenmegiň usullary barada iň täze maglumatlary alýarlar. Olarda esasy üns okuw materiallarynyň aýdyňlygyna we gündelik tejribede amaly taýdan ulanylmagyna gönükdirilýär.
Ýiti respirator ýokançlygynyň ýaýramagynyň öňüni almak babatda eýýäm 240-dan gowrak maşgala lukmany täze bilimlere eýe boldular. Häzirki wagtda okuw sapaklary dowam etdirilýär. Şeýle hem olaryň ýurduň beýleki şäherlerinde hem geçirilmegine garaşylýar.
Okuwlar Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleriniň, şeýle hem Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýokanç keseller we maşgala lukmançylygy bölüminiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýär.

26.06.2026 11:31
3.8k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.9k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......