Alymlar ýöräp bilýän balyklaryň 11 görnüşini ýüze çykardylar

Alymlar ýöräp bilýän balyklaryň 11 görnüşini ýüze çykardylar

Halkara barlag topary guryýer balyklarynyň 11 görnüşini anyklady diýip, EurekAlert ylmy habarlar portaly habar berdi.

Ozal diňe “Cryptotora thamicola” diýlip atlandyrylýan gowak balygynyň gury ýerde hereket edip bilýändigi ylma mälimdi.
Alymlar balyklaryň balitorlar maşgalasynyň süňkleriniň kompýuter tomografiýa suratlaryny öwrendiler. Şonda hünärmenler balyklaryň ýene 10 görnüşiniň gurluşynyň Cryptotora thamicola bilen meňzeşdigini gördüler. Hususan-da, oňurganyň çanaklykdaky ýüzgüç bilen sepleşigi meňzeş bolup çykdy. Bu bolsa hünärmenlere öwrenilen 10 görnüşiň wekilleriniň ýöräp biljekdigini çaklamaga mümkinçilik berdi. Şeýle-de bolsa, olaryň “ýöreýişini” henize çenli gören ýok.
Barlagçylar Cryptotora thamicola-nyň gowak suwlarynyň çalt akymlarynda ýaşamak üçin ýöremegi öwrenmeli bolandygyna ynanýarlar. Ýeri gelende bellesek, bu üç santimetrlik balyk çeşmeleriň daşly eňňitlerine bilen ýokarlygyna dyrmaşmagy başarýar.
Şeýle görnüşleri öwrenmek alymlara janly-jandarlaryň ewolýusiýasynyň nähili bolup geçendigine has gowy düşünmäge ýardam eder.