«Barselonanyň» Prezident saýlawlarynyň senesi belli boldy

  • 11.09.2020 20:54
  • 10k+

“Barselona” resmi saýtynda klubyň indiki prezident saýlawlary baradaky habary neşir etdi. Muny championat.com ýetirýär.

Saýlawlary 2021-nji ýylyň 20-nji we 21-nji martynda geçirmeklik bellenildi. Şeýle netijä katalon klubynyň müdirler geňeşiniň mejlisinde gelindi. Adatça, bu iş bir günüň içinde geçýär, ýöne bu gezek koronawirusa garşy göreş bilen baglylykda ol iki güne çeker. Şu sebäp bilen hem saýlawlary birnäçe ýerde geçirmeli diýlip karara gelindi, öň ol bir ýerde geçirilýärdi.
Şeýle-de, mejlisde “Barselonanyň” 2020/21-nji ýyl üçin býujetine düzedişler girizmek makullanyldy. Klubda pandemiýa sebäpli ýitgiler girdejiniň adaty bahasyndan 30 göterimine barabar boldy diýip hasaplaýarlar.
“Barselonanyň” häzirki prezidenti wezipäni 2014-nji ýylda eýelän Hosep Mariýa Bartomeu bolup durýar. Geçen möwsümiň ahyrynda topar “Bawariýadan” ýeňlip (2:8), Çempionlar ligasyndan çykdy, kampaniýa gutarandan soň toparyň kapitany hüjümçi Lionel Messi klubdan gitmek isleýändigini aýtdy. Öň hem “Barselonanyň” ýolbaşçylygynyň işinden nägile bolup ýören jänköýerler gazaplanyp, nägilelik aksiýasyny gurnadylar. Katalonlylar ahyrynda Messini goýbermediler we ol toparda galdy.

düýn 14:53
6.6k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
7.8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 20:10
8.5k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....