Türkmenistan BMG agza ýurtlarynyň dünýä çökgünliginden çykmak boýunça gepleşigine gatnaşdy

  • 09.09.2020 08:02
  • 7.6k+

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary we Kanadanyň hem-de Ýamaýkanyň maliýe ministrleri tarapyndan çagyrylan maliýe ministrleriň duşuşygyna gatnaşdy.

ORIENT-iň habar bermegine görä, wideo-konferensiýa aragatnaşygy boýunça sişenbe güni, 8-nji awgustda geçirilen duşuşyk BMG-niň 193 sany ähli agza-döwletleriniň maliýe edaralarynyň ýolbaşçylaryny ýygnady.
Maslahat döwlet we hökümet wekillerine koronawirus pandemiýasy sebäpli ýüze çykan dünýä çökgünliginden gysga wagtyň içinde çykmak mümkinçiligini hödürlemek maksady bilen geçirildi. Öňde duran wezipeleriň biri 2030-njy ýyla çenli wagtyň içinde Gün tertibine ýetmek üçin maliýe serişdelerini toplamakdan ybarat.
Maliýe ministrleri tarapyndan maslahatlaşylan pikirleriň sanawy 2020-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň çäklerinde döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň ýörite mejlisinde karara gelmek üçin hödürleniler.

düýn 16:01
1.4k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....

düýn 15:42
905

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......

düýn 15:09
913

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

düýn 08:12
1.8k+

Türkmenistanyň Ilçisi Moldowa Respublikasynyň DIM-iniň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

28-nji aprelde Kişinýewde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýew (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary S.Mihow we......