Hindistan koronawirus bilen kesellänleriň sany boýunça dünýäde ikinji orna çykdy

  • 07.09.2020 20:19
  • 23k+

Hindistanda täze koronawirus ýokanjy bilen kesellänleriň sany 4,2 milliondan geçdi, ýurt bu görkeziji bilen dünýäde ikinji orna çykdy. Muny Jons Hopkins uniwersitetiniň saýtynda neşir edilen maglumatlar delillendirýär. Bu barada lenta.ru habar berýär.

Bu ýurtda bir gije-gündizde täze rekord, ýagny 90 802 keselli bellige alyndy, netijede ýurt kesellänleriň umumy sany boýunça Braziliýadan öňe geçdi we häzir diňe ABŞ-a ýol berýär. Mundan başga-da, Hindistanda pandemiýa başlaly bäri 72 müň adam ýogaldy, 3,3 million adam sagaldy. Hindistanda ýokanç örän çalt depgin bilen ýaýraýar, bu görkeziji ABŞ bilen Braziliýanyň bilelikdäki görkezijisinden hem ýokary.
Hindistanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlary boýunça, Hindistanda ölüm görkezijisi dünýädäki ortaça görkezijä garanda pes. COVID-19-ly näsaglaryň 0,5%-i öýkeniň emeli howa täzelenişi ýagdaýynda, 2%-i intensiw terapiýa bölümlerinde ýerleşýärler, 3,5-den az göterimi kislorod kömegini alýar.
Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 27 milliondan geçdi. Ýogalanlaryň sany 882 053 adama, gutulanlaryň sany 18 054 711 adama barabar.

11.05.2026 23:10
2.7k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....

08.05.2026 00:12
4.4k+

Russiýada nerwleriň, süňkleriň we oňurga ýiliginiň transplantasiýasyna rugsat berildi

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýada transplantasiýa etmäge rugsat berilýän beden agzalarynyň we dokumalaryň täzelenen sanawy güýje girýär....