Nurmagomedowyň tälimçisi MakGregor bilen bolup biljek jogap söweşi barada aýtdy

  • 04.09.2020 19:20
  • 25k+

Habib Nurmagomedowyň tälimçisi Hawýer Mendes UFC-iň prezidenti Dana Uaýtyň rus pälwany bilen Konor MakGregoryň arasynda täze söweş guramakçy bolýandygyny aýtdy. Bu barada Daily Express habar berýär.

Mendes geljek girdejini göz öňünde tutup, Uaýtyň bu söweşiň başa barmagy üçin elinden gelenini etjekdigine ynanýar.
Onuň sözlerine görä, irlandiýaly söweşiji-hä söweşmek isleýär, Nurmagomedowam UFC-niň häzirki çempiony. Diýmek, bu söweşiň başa barmagy bolup biläýjek zat. Özi-de gaty köp adam muny görmek isleýär.

"Şeýle-de bolsa, rus türgeniniň täzeden söweşmäge razy bolup-bolmazlygy — bu eýýäm başga mesele" — diýip, Mendes belleýär.

düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......