На грани выносливости. Доходы Zoom за три месяца превысили выручку за весь 2019 год

  • 02.09.2020 19:40
  • 7.2k+

Zoom Video Communications wideo konferensiýa hyzmaty üstümizdäki maliýe ýylynyň ikinji çärýeginiň netijelerini yglan etdi. Kompaniýanyň hasabatynda şu ýylyň maý-iýul aýlary aralygyndaky girdejileriň 355% ýokarlanyp, 663,5 million dollara ýetendigi aýdylýar. Bu görkeziji analitikleriň çaklamalaryndan ýarym milliard artyk bolmak bilen, hatda tutuş 2019-njy ýylyň görkezijilerinden hem ýokarydyr diýip, "Коммерсантъ" habar berýär.

Kompaniýanyň girdejisi 186 million dollara çenli artdy. Geçen ýyl bolsa ol 5,5 million dollara barabardy.
“RBC Capital”-yň analitikleri ikinji çärýekde “Zoom”-yň ulanyjylarynyň işjeň aýlyk sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 4700% artdy diýip hasaplaýarlar. "Zoom"-yň platformasynda hasaba alnan guramalaryň, kompaniýalaryň we gurluşlaryň sany 458% artyp, 370 müňden geçdi (bir ýyl ozal ol 80 müňe barabardy).
Maliýe serişdeleri çap edilenden soň, NASDAQ biržasynda "Zoom"-yň paýnamalary 25% ýokarlandy. Paýnamalar 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri 373% ýokarlandy.
Şol bir wagtyň özünde, müşderileriň sanynyň gaty çalt köpelmegi sebäpli kompaniýanyň infrastrukturasy aňryçäk çydamlylyk derejesinde işleýär. Geçen hepde ABŞ-nyň mekdeplerinde uzak aralykdan okuwlar gaýtadan dikeldilende, "Zoom"-yň aragatnaşygynda näsazlyklar ýüze çykdy. Şeýle-de, hakerleriň wideo konferensiýalaryň geçirilýän mahalyndaky hüjümleri hem hyzmatyň abraýyna zeper ýetirdi.

Şeýle hem okap bilersiňiz:
“Zoom-yň" esaslandyryjysy sanlyja sagatda 4,2 milliardyň eýesi boldy

вчера 23:22
296

Джейкоб Элорди стал лицом нового парфюма Bleu de Chanel

Актер Джейкоб Элорди официально стал амбассадором популярного мужского аромата Bleu de Chanel, сообщает издание WWD....

вчера 00:07
2.1k+

Стартап 1X открыл в США завод для выпуска 100 тысяч домашних роботов в год

Норвежский стартап 1X Technologies открыл в городе Хейворд (штат Калифорния) завод по производству гуманоидных роботов Neo. Компания рассчитывает выпустить около 10 тысяч устройств уже в первый год работы......

11.05.2026 23:23
2.3k+

Warner Bros. Discovery сообщила о многомиллиардных потерях

Убытки медиакомпании Warner Bros. Discovery (WBD) по итогам отчётного периода достигли $2,92 млрд против $453 млн годом ранее. Значительная часть потерь связана с расходами на расторжение сделки с Netflix,......

11.05.2026 18:18
1k+

Alibaba заменит поиск товаров диалогом с ИИ-помощником

Alibaba готовит обновление своих платформ электронной коммерции Taobao и Tmall. Компания интегрировала в них ИИ-систему Qwen для выбора и покупки товаров через диалоговый интерфейс....