“Zoom-yň" esaslandyryjysy sanlyja sagatda 4,2 milliardyň eýesi boldy

  • 02.09.2020 11:55
  • 12k+

"Zoom" wideo konferensiýa hyzmatyny ýerine ýetirýän Zoom Video Communications amerikan kompaniýasynyň esaslandyryjysy Erik Ýuan duşenbe güni birnäçe sagadyň dowamynda 4,2 milliard dollar baýady diýip, Bloomberge salgylanyp, TASS habar berýär.

Bellenilişi ýaly, ABŞ-da elektron fond söwdasynda Zoom Video Communications-yň paýnamalary birnäçe sagadyň dowamynda 26% ýokarlanyp, 410 dollara ýetdi. Bu tendensiýa dowam etse, Ýuanyň baýlygy 20 milliard dollardan geçer diýip Bloomberg belleýär.
Pozitiw korporatiw hasabatlary çap edilenden soň, kompaniýanyň paýnamalary birden gymmatlady. Ýuan Zoom Video Communications-yň baş direktory, direktorlar geňeşiniň başlygy, şeýle hem Prezidenti bolup durýar.
Täze koronawirusyň ýaýramagy we köp adamyň uzakdan işlemek tertibine geçmegi bilen baglylykda, "Zoom-yň" meşhurlygy görnetin artdy. Şeýle-de bolsa, ol ulanyjylaryň şahsy maglumatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça degişli çäreleriň görülmeýändigi zerarly birnäçe gezek tankyda sezewar boldy.

düýn 23:23
232

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

düýn 18:18
602

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......

10.05.2026 19:42
1.5k+

LEGO «Harri Potteriň» 25 ýyllygyna sekiz sany täze toplum çykarar

LEGO kompaniýasy «Harri Potter» franşizasy boýunça seriýanyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sekiz sany täze toplumyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Ilkinji bäş toplum 1-nji iýunda, galan üçüsi bolsa 1-nji awgustda......

10.05.2026 18:57
9.7k+

Gazagystanly milliarder baýlygynyň ýarysyny haýyr-sahawata berýär

2026-njy ýylyň aprelinde gazagystanly telekeçi, BI Group kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Aýdyn Rahimbaýew we onuň aýaly Anar resmi taýdan «The Giving Pledge» halkara başlangyjyna goşuldylar. Bu başlangyç......