ZTE ekranasty kameraly dünýäde birinji smartfony çykardy

  • 03.09.2020 12:48
  • 14k+

ZTE kompaniýasy frontal kamerasynyň displeýiniň astynda “gizlenilen” dünýäde birinji smartfony resmi taýdan hödürledi. Ol Axon 20 5G diýlip atlandyryldy. Häzirlikçe gajet diňe Hytaýda deslapky sargytlar üçin elýeterli. Bu barada The Verge web-saýtyna salgylanmak bilen itc.ua habar berýär.

32-megapiksel bolan datçigi ekranyň astyna ýerleşdirmek üçin organiki we organiki däl plýonkadan ybarat bolan ýokary durulykly material, şeýle-de surata düşürme hilini üpjün etmek üçin şekilleri gaýtadan işlemegiň kämilleşdirilen algoritmleri peýdalanyldy.
Şeýle-de, smartfonda 5G eýe bolan Snapdragon 765G we 6,92-dýuým OLED-displeýi oturdyldy. Operatiw ýat 12 Gb, içki ýat bolsa 256 GB. Akkumulýatoryň sygymy 4220 mA/sag barabar. Smartfonyň arkasyndaky esasy kameranyň ygtyýarlygy 64 megapiksele deň, 8 Mp giň burçly kamera, hersi 2 Mp bolan “çuňluk kamerasy” we makrolinza bolsa onuň üstüni ýetirýär.

09.07.2025 13:57
2.4k+

Implant ysmaz syçanlaryň hereketini dikeltmäge kömek etdi

Barlagçylar adamlarda we haýwanlarda oňurga ýiliginiň şikeslerini bejermegiň täsirli usulyny döretmäge bir ädim ýakynlaşdylar. Oklend uniwersitetiniň (Täze Zelandiýa) alymlary ysmaz alakalarda hereket funksiýalaryny dikeldýän minimal inwaziw tehnologiýany işläp düzdüler...

06.07.2025 15:43
2.4k+

ABŞ-ly alymlar robotlara gutynyň içindäki predmetleri görmegi öwretdiler

Massaçusets Tehnologiýa institutynyň (MIT) alymlary ammar robotlaryna karton gutularyň, plastmassa gaplaryň içinde ýa-da ýuka diwarlaryň aňyrsyndaky predmetleri ýokary takyklykda kesgitlemäge mümkinçilik berýän mmNorm tehnologiýasyny döretdiler...

05.07.2025 19:13
4.4k+

Pikiriň güýji bilen dolandyrylyp bilinýän robot protez gol döredildi

Alymlar operasiýa edilmezden ýa-da gymmat enjamlary ulanmazdan pikiriň güýji  bilen dolandyrylyp bilinýän robot goly döretdiler. Täze inwaziw däl “beýni-kompýuter” interfeýsi elektrodly şlem bilen işleýär we bedene oturdylmagyny talap etmeýär...

29.06.2025 12:54
4.2k+

Singapurly alymlar "derleýän" boýag döretdiler. Ol salkyn howany saklap galýar

Singapurly alymlar yssy we çygly howa şertlerinde kondisioner üçin energiýa sarp edilişini ep-esli azaldyp bilýän innowasion ak reňkli boýag döretdiler diýip, New Atlas neşiri ýazýar. Täze boýag "derleýär" – ýagny, nemi özünde saklap, gyzanda ony buglandyrýar...