Как долго частицы коронавируса выживают летом и осенью

  • 02.09.2020 18:39
  • 15k+

Täze görnüşli koronawirusyň kulturasy bilen geçirilen tejribeler onuň bölejikleriniň ýazda we güýzde dürli ýerleriň üstünde ortaça 17-den 30 sagada çenli, tomsuna bolsa 2-den 5 sagada çenli ýaşaýandyklaryny görkezdiler. Alymlaryň işiniň deslapky netijelerini bioRxiv elektron ylmy kitaphanasy neşir etdi. Bu barada ТАSS habar berýär.

“Biziň tejribelerimiz ýazda ýa-da güýzde wirusyň dürli ýerleriň üstünde tomsa garanda uzak ýaşaýandygyny anyk görkezýär. Şonuň üçin şahsy gigiýenanyň ýokary derejesini saklamagy we wirusyň täze ýaýrawlarynyň ýüze çykmagyna ýol bermezlik üçin, keseliň ýokuşyp biläýjek ýerlerini yzygiderli dezinfesirlemegi dowam etdirmek gerek” – diýip, tejribe işini geçirijiler ýazýarlar. Koronawirus ýokanjynyň ýaýrap başlanyndan bäri alymlar dürli möwsümlerde, meselem, tomusda ýa-da güýzde onuň ýaýrama häsiýetiniň üýtgeýändigi ýa-da däldigi barada jedelleşip gelýärler. SARS-CoV-2-ä we sowuklamany ýüze çykarýan beýleki koronawiruslaryň adaty häsiýetlerine birinji gözegçilik işleriniň esasynda edilen teoretiki hasaplamalar hem epidemiýanyň gowşap bilýändigini, hem wirus ýaýranda hiç zadyň üýtgemeýändigini görkezdiler. Häzirki şertlerde bu soraga kesgitli jogap bermek we güýzde hem-de gyşda nämäniň üýtgejekdigini öňünden aýtmak mümkin däl. Bir tarapdan, singapur biologlarynyň soňky tejribeleri koronawirus bölejikleriniň nola ýakyn bolan we otrisatel temperaturalarda birnäçe hepdäniň dowamynda ýaşaýşa ukyply bolýandygyny görkezýär. Beýleki bir tarapdan, alymlar munuň adaty köçe we otag şertlerinde nähili derejede dogrudygyny anyk aýdyp bilenoklar. Howa we koronawirus Amerikan epidemiologlary we biologlary Kanzas uniwersitetiniň (ABŞ) professory Ýurgen Rihtiň ýolbaşçylygynda SARS-CoV-2 bölejikleriniň ýaşaýşa ukyplylygynyň dürli howa şertlerinde we dürli temperaturada nähili üýtgeýändigine gözegçilik etmek bilen, birinji maglumaty aldylar. Tejribäniň dowamynda alymlar koronawirus bölejiklerini dürli ýerleriň üstüne, şol sanda lukmançylyk elliklerine we örtüklerine, betona, gaty kagyza, aýna, plastika we polada çaldylar. Şundan soň alymlar olary ýaz, tomus, güýz üçin häsiýetli bolan temperaturanyň hem-de çyglylyk derejesiniň, şeýle-de ýyly jaýyň içindäki adaty şertleriň saklanýan germetik kamerasyna ýerleşdirdiler. Alymlar wagtal-wagtal wirusyň azrak nusgasyny aldylar we kulturanyň bu bölejiklerini öýkeniň öýjüklerine ýokuşdyrmaga çalşyp, onuň ýaşaýşa ukyplylygyny hasapladylar. Tomus şertlerinde wirus, hakykatdan hem, ýeterlik derejede çalt ýitýär eken: wirusy materialyň ähli görnüşlerine geçirenlerinden ortaça 2-5 sagatdan soň ol ýaşaýşa ukyplylygyny ýitirýär. Ýöne güýz ýa-da ýaz üçin adaty bolan şertlerde koronawirus bölejikleri has uzagrak, ýagny tomusdaka garanda 5-6 esse uzak ýaşaýar. Käbir ýerleriň üstleri 160 we ondan hem köp sagadyň dowamynda ýokançly bolmagynda galdy. Gyzykly ýeri, wirus bölejikleri matanyň we betonyň üstünde özlerini erbet duýýardylar, plastikada ýa-da gaty kagyzda islendik howa şertinde uzak ýaşaýardylar. Barlagy geçirijiler muny islendik üst dezinfeksiýa edilende, örtükler peýdalanylanda hem-de näsaglaryň eşikleri arassalananda nazara almak gerek diýip hasaplaýarlar. Bir zady belläp geçmek gerek, alymlaryň bu makalasyna muňa bagly bolmadyk hünärmenler syn ýazmadylar we ony adatdakysy ýaly ylmy žurnallaryň redaktorlary barlamadylar. Şonuň üçin onuň we şular ýaly makalalaryň netijelerine örän seresaply çemeleşmeli.

вчера 15:42
747

Исследование российских ученых поможет сделать тесты на аутизм более точными

Ученые Центра исследований интеллекта и когнитивного благополучия НИУ ВШЭ в России провели анализ научных работ и выяснили, что различия в результатах исследований аутизма часто связаны с условиями......

26.04.2026 16:11
3.9k+

Вещество из корня солодки способно подавить воспаление кишечника

Японские ученые из Токийского университета в ходе высокопроизводительного скрининга обнаружили, что глицирризин — природное соединение из корня солодки — способен эффективно бороться с воспалительными......

20.04.2026 16:07
9.5k+

Исследование: может ли газированная вода помочь в борьбе с лишним весом и ускорить метаболизм

Газированную воду часто рассматривают как средство, полезное для снижения веса, поскольку содержащийся в ней углекислый газ (CO2) может создавать чувство сытости. Также считается, что она может ускорять......

20.04.2026 15:54
6.4k+

Остеоартроз можно будет вылечить одной инъекцией: итоги новых исследований

Ученые из Университета Колорадо в Боулдере разработали инновационную систему доставки лекарств, которая позволяет обращать вспять разрушение суставов при остеоартрозе. Эксперименты на животных подтвердили, что......