W.Putin sentýabrda COVID-19-a garşy ýene bir sanjymynyň peýda boljakdygyny habar berdi

  • 29.08.2020 16:02
  • 10k+

Sentýabrda Russiýada koronawirusa garşy ýene bir sanjym peýda bolar diýip, RF-iň Prezidenti Wladimir Putin aýtdy. Bu barada interfax.ru habar berýär.

“Bizde sentýabrda ýene bir serişde peýda bolmaly (...). Onuň üstünde Nowosibirskdäki belli institut “Wektor” iş alyp barýar — diýip, Putin WGTRK-a beren interwýusynda aýtdy.

Ol “Wektoryň” hünärmenleriniň adamlara kömek etjek örän gowy serişdäni taýýarlajakdyklaryna ynam bildirdi.

“Men olar (Russiýada taýýarlanylan iki serişde), has dogrusy, bäsdeşlik ederler diýip pikir edýärin, sebäbi howpsuzlygy we täsirliligi boýunça olar biri-birinden yza galmaly däl” – diýip, Putin sözüniň üstüne goşdy.

düýn 23:49
176

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....