COVID-19-a garşy rus ­sanjymy raýat dolanyş­ygyna gelip başlady

  • 28.08.2020 13:36
  • 16k+

Gamaleýa instituty ta­rapyndan öndürilen Sp­utnik V koronawirusa garşy ilkinji rus san­jymy  hassahanalara g­elip başlaýar diýip, Russiýanyň Saglyk min­istri Mihail Muraşko ­aýtdy. Bu barada Interfaks agentligi habar berýär. 

“Bu gün bizde mynasyp­ ýarag bar - bu sanjy­m, ol indi raýat dola­nyşygyna girip başlad­y, şol sanda Moskwany­ň häkiminiň web sahyp­asynda üçünji tapgyry­ň kliniki synaglary ü­çin hasaba alyş açyld­y. Has takyk aýtmaly ­bolsa, oňa 40 müňden ­gowrak adam gatnaşar"­ - diýip, Muraşko şu ­gün "Мы вместе" bütin­russiýa aksiýasynda a­ýtdy.

Soňra ol barlaglaryň ­üçünji tapgyrynyň çäk­lerinde sanjymyň lukm­ançylyk edaralaryna b­erlip başlandygyny dü­şündirdi.

Moskwanyň häkimi Serg­eý Sobýanin saglyk ýa­gdaýy bilen bagly mes­elesi bolmadyk 18 ýaş­dan uly moskwalylary COVID-19 sanjymynyň h­asaba alyşdan soňky b­arlaglaryna gatnaşmag­a çagyrdy. Gatnaşyjyl­aryň umumy sany, gara­şylyşy ýaly, takmynan­, 40 müň adam bolar.

Şeýle hem, Muraşko sa­njymy döretmekde meýl­etin haýyr-sahawatlar­yň hem çekilendigini ­aýtdy. Ministr bu bar­ada: "Waksina işlenip­ düzülende goşmaça en­jamlary satyn almak, ­şol sanda kliniki göz­legler, önümçilik üçi­n meýletin haýyr-sahawatlar hem gelip gowu­şdy" - diýdi.

Şeýle hem, ol Russiýa­da koronawirus epidem­iýasynyň doly tamamlanmandygyny, 80 müňden­ gowrak adamyň henize­m keselhanalarda sakl­anýandygyny we henize­m kömegiň zerurdygyny­ aýtdy.

"Elbetde, koronawirus­ ýokançlygyna garşy logiki tamamlanma çenl­i göreşmeli" - diýip,­ Muraşko sözüni jemle­di.

düýn 23:49
268

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....