В США создана эффективная назальная вакцина от коронавируса

  • 25.08.2020 07:00
  • 13k+

Sent-Luisde (ABŞ) Waşington uniwersitetiniň Lukmançylyk mekdebiniň alymlary koronawirusa garşy bir doza bilen burun arkaly goýberip bolýan waksinany taýýarladylar. Serişdäniň barlaghana syçanlaryndaky synagy COVID-19-a duýgur bolan süýdemdirijileriň kesellemeginiň öňüni almakda adaty inýeksiýa garanda has täsirlidigini görkezdi diýlip, Cell ylmy žurnalynda habar berilýär. Muny live24.ru ýetirýär.

Barlag geçirijileriň aýtmagyna görä, sanjymyň burun arkaly kabul edilmegi organizmde güýçli immun jogabyny döredýär, ýöne has güýçli gorag burun boşlugynda we dem alyş ýollarynda emele gelýär. Geçirilen barlaglaryň netijeleri barlaghana syçanlarynda wirus girizilenden soň kesel alamaty ýok bolan halatynda zyýansyzlandyryjy immunitetiň döreýändigini görkezdi.
Serişde taýýarlanylan wagtynda hünärmenler sagdyn öýjükleri COVID-19 bilen keselletme hadysasyna gatnaşýan S-belogy adaty sowuklamany ýüze çykarýan adenowirusyň içine ýerleşdirdiler. Adenowirusyň özüni onuň S-belogy burun boşlugynyň öýjüklerine adaty ýaýradyjy bolmagy üçin zyýansyzlandyrdylar. Şunuň bilen birlikde, S-beloga antibedenjikleriň işjeň döremegine ýardam edýän goşmaça özgerişi girizdiler.
Şundan soň gemrijilere 2 usul bilen – burun arkaly we myşsa içi bilen goýberilen sanjymlar deňeşdirildi. Sanjym pnewmoniýanyň öňüni alýan immun jogabyny ýüze çykardy, ýöne wirusy burunda we öýkende ýok edip bilmedi. Şeýle sanjym koronawirusyň geçiş agyrlygyny gowşadyp biler, ýöne serişde ýokanjyň we wirusyň adamlaryň arasynda ýaýramagynyň öňüni almaz. Burun arkaly goýberilme COVID-19-a ýokarky dem alyş ýollarynda köpelmäge ýol bermeýär.
Indi barlag işini alyp baryjylar synaglary dowam etdirerler we ony adamlaryň gatnaşmagynda hem geçirerler.

15.06.2026 12:32
5.6k+

Правила здоровья в летнюю жару: рекомендации туркменских медиков

Летний сезон требует особого внимания к здоровью. Центр медицинской информации Министерства здравоохранения и медицинской промышленности Туркменистана выпустил свод правил для безопасного проведения лета....

09.06.2026 23:14
7.6k+

Популярные среди знаменитостей балетки могут привести к проблемам со стопами

Врачи предупредили о возможных проблемах со здоровьем, связанных с длительным ношением балеток. По словам специалистов, такая обувь может стать причиной хронических болей и деформации стопы....

08.06.2026 07:29
3.3k+

ВОЗ направит $518 млн на борьбу со вспышкой Эболы в Африке

Всемирная организация здравоохранения (ВОЗ) и Африканские центры по контролю и профилактике заболеваний представили шестимесячный план стоимостью 518 миллионов долларов для борьбы со вспышкой лихорадки Эбола в......

05.06.2026 17:46
2.8k+

В Великобритании испытали вакцину, уничтожающую раковые опухоли

В Великобритании завершилось клиническое исследование препарата «Амивантамаб», в ходе которого у части пациентов с тяжёлыми формами рака головы и шеи опухоли значительно уменьшились или исчезли полностью....