Kanýe Uest prezident saýlawlaryna gatnaşmaga talaplygy başga ştatda tabşyrdy

  • 25.08.2020 06:32
  • 7.6k+

Amerikan rep-ýerine ýetirijisi Kanýe Uest ABŞ-nyň prezidentligine dalaşgärligi bellige aldyrmak üçin resminamalary Luiziana ştatynda tabşyrdy. Bu barada Associated Press (AP) agentligine salgylanyp, ТАSS habar berýär.

Onuň maglumatlary boýunça, repçi gerekli resminamalary geçen anna güni tabşyrdy. Ol BDY (Birthday Party, ol “Doglan günüň partiýasy” we “Doglan gün mynasybetli oturylyşyk agşamy” diýip terjime edilýär) partiýasyna wekilçilik etmekçi bolýar. Ondan başga-da, anna güni sagat 16:30-a çenli, ýagny Luizianada dalaşgärlige bellige aldyrmak üçin resminamalary tabşyrmagyň ahyrky möhletine çenli degişli talaplygy ýene 10 adam tabşyrdy.
Bellenilip geçilişi ýaly, beýleki köp ştatlardan tapawutlylykda, Luizianada öz adyňy saýlaw býulletenine girizmek üçin gollary ýygnamak gerek däl. Bellige aldyrmak üçin diňe resminamalar toplumyny ýygnap, $500 möçberinde töleg tölemek ýeterlik.
Ilkibaşda Uest saýlawlara talaplygy Nýu-Jersi ştatynda tabşyrypdy. Bellige alynmak üçin oňa 800 goly ýygnamak gerek boldy, olardan köp bölegini barlaglar şübheli diýip hasaplady, şundan soň Kanýe talaplygy yzyna aldy.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Uesta eýýäm bellige alnan Demokratik partiýadan dalaşgär, Trampyň esasy bäsdeşi Jo Baýdeniň elinden garaýagyz adamlaryň sesini almagyň kyn düşmejekdigini belledi. Repçiniň özi hem “Forbes-e” beren interwýusynda özüniň gatnaşmagynyň Baýdeniň üstünlige mümkinçiligini peseltjekdigi bilen ylalaşdy.
ABŞ-nyň 59-njy prezident saýlawlary 3-nji noýabra bellenilen. Demokratlardan dalaşgär Jozef Baýden, respublikanlardan – Donald Tramp bolar.

düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.6k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......