Türkmenistan Belarusda galan watandaşlarymyzy Minskden alyp gaýdar

  • 23.08.2020 11:25
  • 32k+

Koronawirus pandemiýasy sebäpli Belarusda galan Türkmenistanyň raýatlary «Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasynyň Minskden Türkmenabat şäherine ýörite uçuşy bilen Watanymyza dolanarlar. Bu uçuş 23-nji awgust güni agşam meýilleşdirilýär.

Howa menziliniň maglumat gullugynyň berýän habaryna görä, T5 786 gatnawy Minsk milli howa menzilinden Minsk wagty bilen 18:05-de (Aşgabat wagty bilen 20:05-de) uçar. Ol ýerli wagt bilen sagat 00:35-de Türkmenabat halkara howa menziline gonar.
Gelýän raýatlaryň hemmesi iki hepdelik karantini geçmeli bolarlar.
Mundan başga-da, ýakyn wagtda Dubaýdan we Moskwadan türkmen raýatlaryny Watanymyza getirmek üçin ýörite uçuşlar guralar.

Öň, pandemiýa sebäpli Hindistanda galan türkmenistanlylaryň çarter uçuşy bilen Türkmenistana getirilendigini habar berdik.

11.05.2026 11:37
4.4k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.9k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.8k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......