Hytaý koronawirusa garşy ilkinji sanjymyny hasaba aldy

  • 19.08.2020 16:38
  • 12k+

Hytaý Halk Respublikasynyň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet edarasy COVID-e garşy sanjyma ilkinji ygtyýarnamasyny (patent) berdi. Ygtyýarnama Hytaý Halk azat ediş goşunynyň Harby lukmançylyk ylymlary akademiýasy we "CanSino Biologics" kompaniýasy tarapyndan alyndy diýip, RIA Nowosti ýazýar.

Iýun aýynda sanjym ýurtda harby maksatlar üçin ulanmaga bir ýyllyk ýörite ygtyýarnama aldy, onuň kliniki synaglary mart aýynda başlanypdy. Alymlar bu dermany syçanlarda we deňiz doňuzjyklarynda barladylar. Gözlegler sanjymyň gowy immunogenlige eýedigini we gysga wagtyň içinde bedende güýçli öýjükli we gumoral immun täsirini döredip biljekdigini görkezdi. Sanjymyň aňsat we çalt ýasalmagy hytaý alymlaryna wirus ýüze çykan halatynda onuň köpçülikleýin önümçiligini üpjün etmäge kömek eder.
Bu sanjymyň kliniki synaglarynyň birinji we ikinji tapgyrlarynyň Hytaýda geçirilendigi habar berildi. Şu ýylyň ahyryna çenli COVID-e garşy işjeňleşdirilmedik sanjym bazara çykyp biler. Mälim bolşy ýaly, Hytaýda kliniki synaglar üçin eýýäm alty sanjym tassyklandy.

şu gün 12:32
3.4k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.4k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......