Pagtadan egin-eşikler koronawirus bilen galtaşmadan goraýar

  • 17.08.2020 23:19
  • 10k+

Kanadada ýerleşýän Jemgyýetçilik saglygy goraýyş agentliginden we Manitob uniwersitetinden alymlar SARS-CoV-2 100% pagtadan bolan mata geçirilen ýagdaýynda wirus bir gije-gündizden hem az wagtyň içinde dargaýar we ony ýüze çykarmak mümkin bolmaýar diýen netijä geldiler. Bu barada iz.ru habar berýär.

Alymlar wirusy sekiz sany dürli materialda ýerleşdirdiler: lukmançylyk barlagy üçin nitril ellikleri, güýçlendirilen himiki taýdan durnukly ellikler, N-95 we N-100 respirator örtükleri, Tyvek (aýratyn ýeňil we berk dokma däl material), plastik, pagta we poslamaýan polat. Soňra üç hepdäniň dowamynda olara gözegçilik işini alyp bardylar. Olar hut pagtadan bolan matada wirusy netijede ýüze çykaryp bolmaýandygyny kesgitlediler.
Lukmançylyk halatlarynyň we gündelik egin-eşikleriň köp sanly elementleriniň pagtadan edilýändigini (başga matalar goşulsa-da) göz öňünde tutsak, materialyň sanitar artykmaçlygyndan lukmanlar hem, adaty adamlar hem peýdalanyp bilýär. Mundan başga-da, pagtadan edilen örtükleriň ulanylmagy howpsuz we amatly diýip netije çykarmak bolýar.
Beýik Britaniýadan barlag işini alyp baryjylar şifon bilen 600 sapak dykyzlykly pagtadan iki gat edip taýýarlanylan örtükleriň 300 nanometrden kiçi ölçegli bölejikleriň 80%-den gowragyny we uly bölejikleriň 90%-den gowragyny arassalaýandygyny anykladylar. Arassa pagtadan bolan futbolkanyň üç gaty hirurgiýa eşigi ýaly gorag derejesine eýe bolýar.
Eger-de pagtadan eşigi şkafda ýerleşdirseň, onda bir gije-gündizden soň ony şertli ýagdaýda kowid-howpsuz diýip hasaplamak bolar – diýip, MFTI-niň saglygy goraýşy sanlaşdyrmagyň we ilatyň saglyk görkezijisini seljermegiň barlaghana müdiriniň orunbasary Stanislaw Otstawnow habar berdi.
Ol dürli matalaryň tejribeden geçirilmeginiň möhümdigini, sebäbi häzir haýsy şertlerde wirusyň çalt janlanýandygyna we ölýändigine düşünmegiň gerekdigini belledi.
Örtük barada aýdylanda, hünärmenler köp gatly örtük görnüşindäki pagtadan matanyň wirusdan goraýandygyny we SARS-CoV-2-niň ýaýraýan respirator damjalaryny gowy saklaýandygyny habar berýärler. Ýöne, hünärmenleriň aýtmagyna görä, şahsy goragyň bir gezeklik lukmançylyk serişdeleri has ygtybarly.

düýn 18:22
8.2k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
3.8k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....