Nurmagomedow — Getji duşuşygy Abu Dabide bolar

  • 18.08.2020 01:15
  • 26k+

UFC-niň ýeňil agramda häzirki çempiony Habib Nurmagomedow amerikaly söweşiji Jastin Getjä garşy söweşiniň Abu Dabide geçiriljekdigini aýtdy. Bu barada interfax.ru habar berýär.

«24-nji oktýabra garaşmaly. Bu söweş geçiriler diýip umyt edýärin. Ol Abu Dabide «Göreşijiler» adasynda geçiriler» — diýip, Nurmagomedow anna güni geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.
«Men oňa taýynlyk görýärin, ýylboýy türgenleşip gelýärin, mende munuň bilen bagly hiç hili mesele ýok. Häzirlikçe men tälimçisiz işleýärin. Ýakyn wagtda hünärmen Hawier Mendes bilen işläp başlaryn, munuň heniz nirede boljakdygyny kesgitlemedik» — diýip, Nurmagomedow belledi.

Maý aýynda Getji UFC-de ýeňil agramda wagtlaýyn titul ugrunda öz ildeşi Toni Fergýusony ýeňdi. Ýeňiş ony aslynda Fergýuson bilen söweşmeli edilen, ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli ABŞ-a uçup bilmedik Nurmagomedowyň garşysyna çykardy.

düýn 20:06
3.3k+

Gonkongda Kriştianu Ronaldunyň wagtlaýyn muzeýi açyldy

Gonkongda saud “Al-Nasrynyň” we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronalduwa bagyşlanan wagtlaýyn muzeý açyldy. Bu barada Blooloop habar berýär. Muzeý K11 çeperçilik-medeni merkezinde ýerleşýär...

düýn 14:08
9k+

Mbappe psihologik basyş edilmegi babatda “PSŽ”-nyň üstünden ýazan arzasyny yzyna aldy

Fransuz hüjümçisi Kilian Mbappe öňki kluby bolan “Pari Sen-Žermene” üstünden beren kazyýet arzasyndan özüne psihologik basyş edilmegi babatdaky bölegi yzyna aldy diýip, L'Equipe habar berýär. Futbolçy "ünsüni sport meselelerine jemlemek" üçin şeýle karara geldi...

düýn 12:22
3.1k+

“Mançester Ýunaýted” Amazonyň klub hakynda 10 mln funt sterlinglik dokumental film düşürmek teklibini ret etdi

"Mançester Ýunaýted" şertnamanyň bahasynyň 10 million funt sterlingdigine garamazdan, Amazonyň klub barada  dokumental film düşürmek baradaky teklibinden ýüz öwürdi diýip, The Athletic habar berýär. Çeşmäniň habaryna görä, Amazon bilen gepleşikler geçen möwsümiň ikinji ýarymynda birnäçe aýlap geçirilipdi...

düýn 11:39
4.6k+

“Çelsi” Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalyna çykdy, ol “Real” ýa-da “PSŽ” bilen duşuşar

Londonyň “Çelsisi” 2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionaty ýaryşynyň ilkinji finalçysy boldy. Ol ýarym finalda Braziliýanyň “Fluminense” toparyny 2:0 hasabynda utdy. Oýun Ist-Raterforddaky (ABŞ) “Metlaýf” stadionynda geçirildi...