CNN: США отказалась от помощи России в разработке вакцины

  • 16.08.2020 08:57
  • 15k+

Russiýanyň hökümeti ABŞ-a koronawirusa garşy sanjymy taýýarlamak işinde kömek hödürledi, emma amerikanlar bu kömekden ýüz öwürdiler. Bu barada CNN teleýaýlymyna ady agzalmaýan rus çinownikleri habar berdiler. Muny RIA Nowosti agentligi ýetirýär.

Russiýanyň sanjymy taýýarlamaklyga gönükdirilen “Sesden ozdurýan tizlik” amerikan taslamasynyň çäklerinde “deňsiz-taýsyz hyzmatdaşlygy” hödürländigi, ýöne ABŞ-nyň Russiýanyň lukmançylyk işleri üçin açylmaga taýýar däldigi bellenilýär.
Russiýanyň resmi adamlary ýaýlyma Russiýanyň sanjym barada maglumatlary alyş-çalyş etmek meselesi boýunça açykdygy, munuň öz gezeginde ABŞ-nyň farmaseptik kompaniýalaryna Birleşen Ştatlarda sanjymy öndürmäge kömek etjekdigini hem habar berdiler.
Ýaýlymyň rus çeşmeleriniň aýtmagyna görä, sanjym amerikanlaryň janyny halas edip biler, şonuň üçin Waşingtona serişdäni kabul etmek barada gowy pikirlenmek gerek.

“Eger-de biziň sanjymymyz iň täsirlileriň biri bolsa, şeýle soraglar ýüze çykar: näme üçin ABŞ bu mümkinçiligi çuňňur öwrenmedi, näme üçin syýasat sanjyma tarap ýolda böwet boldy” – diýip, CNN ýaýlyma ýokary wezipeli rus çinownigi aýtdy.

Şunuň bilen birlikde amerikan çinownikleri ýaýlyma ABŞ-da Russiýanyň sanjymynyň “doly tamamlanmadyk diýlip hasaplanylýandygyny we onuň hatda sähelçe hem düýpli gyzyklanmany döretmändigini” aýtdylar.

Sişenbe güni Russiýa “Sputnik V” adyny alan COVID-19-a garşy dünýäde birinji sanjymyň bellige alnandygyny habar berdi. Serişdäniň ähli zerur bolan barlaglardan geçendigi we iki ýylyň içinde saklanýan durnukly immuniteti döredýändigi bellenilýär. Birleşen Ştatlarda koronawirusa garşy bir wagtda birnäçe sanjym taýýarlanylýar, olaryň biri häzir synaglaryň üçünji tapgyryny geçýär.

вчера 20:17
3.7k+

В Юте почти неделю борются с крупным лесным пожаром

В американском штате Юта уже пятый день продолжается тушение крупного лесного пожара. В ликвидации возгорания участвуют более тысячи пожарных, сообщил телеканал ABC News....

25.06.2026 12:37
7.4k+

Два мощных землетрясения произошли в Венесуэле

В Венесуэле 24 июня произошли два сильных землетрясения магнитудой 7,2 и 7,5, вызвавшие разрушения в Каракасе и других районах страны. Власти объявили чрезвычайное положение. Официальные данные о погибших и......

24.06.2026 18:53
12k+

Когда стихия переписывает историю: 5 природных катастроф, изменивших мир

Природные катастрофы традиционно ассоциируются с масштабными разрушениями. Однако история показывает, что некоторые из них способны на большее — они могут менять вектор развития человечества....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Сейсмологи: Землетрясение 2011 года сдвинуло Японию на 6 мм на восток

Международная группа сейсмологов обнаружила ранее неизвестный науке эффект, вызванный Великим восточно-японским землетрясением 2011 года. Исследование американских и французских ученых, опубликованное в......