UFC 252-de Mioçiç we Kormýe kimiň güýçlüdigini kesgitlärler

  • 15.08.2020 19:27
  • 14k+

UFC 252 ýaryşy agyr agramda çykyş edýän Stipe Mioçiç bilen Daniel Kormýeniň arasyndaky taryhy söweş bilen başlanar. Ýylyň esasy söweşlerinden biri boljak bu tutluşyk garyşyk söweş sungatynyň muşdaklarynyň arasynda uly seslenme döreder.

UFC 252-iň esasy wakasyna öwrüljek söweş 37 ýaşly Mioçiç bilen 41 ýaşly Kormýeniň arasyndaky gapma-garşylygyň soňky duşuşygy, şol bir wagtyň özünde hem, Kormýeniň karýerasynyň iň soňky wakasy bolar. Guramanyň başlygy Dana Uaýtyň belläp geçişi ýaly, saýlama türgenler guramanyň taryhynda agyr agramda iň güýçliniň kimdigini anyklarlar.
Iki ýyl ozal Kormýe nokaut bilen Stipeni ýeňipdi we birbada iki agram derejesinde çempion bolupdy (ýarym agyr agramda-da). Indiki tomusda Mioçiç hem şeýdip ýeňiş gazandy we çempionlygy yzyna aldy. Soňra Stipe gözündäki şikesden gutulmak üçin köp wagtlap bejergi aldy. Şeýle-de bolsa, ol üçünji söweşe çakylygy kabul etdi.
Ýeri gelende aýtsak, göze barmak sokmak Kormýeniň Mioçiç bilen söweşlerde köp edýän zady. Häzirki çempion köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen täze tutluşygyň öňüsyrasynda muňa aýratyn üns berilmegini haýyş edip, emine ýüzlendi. Beýleki bir tarapdan, Daniel muny bilgeşleýin etmändigini birnäçe gezek belläp geçipdi.
Türgenleriň arasyndaky soňky söweşiň mümkin boldugyça arassa we dürs geçmegine garaşylýar. Beýle tutluşygyň öňdebaryjysyny bukmeýkerleriň usullary bilen kesgitlemek juda kyn. Iki türgeniňem ýeňiş gazanmagy ähtimallygynyň koeffisiýenti 1,9 töweregi diýlip bellenilýär.

Öň habar berşimiz ýaly, Nurmagomedow dosty Daniel Kormýä çempionlyk duşuşygynda üstünlik arzuw etdi.

şu gün 14:40
1.9k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

şu gün 14:25
6.4k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

şu gün 10:36
2.5k+

«Real» Bernardo Silwany alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» ýarymgoragçy Bernardo Silwanyň toparyna goşulandygyny yglan etdi. Portugaliýaly futbolçy şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk etdi we karýerasyny Ispaniýada dowam......

şu gün 10:24
770

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....