«RB Leýpsig» «Atletikony» ýeňip, Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykmagy başardy

«RB Leýpsig» «Atletikony» ýeňip, Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykmagy başardy

Germaniýanyň «RB Leýpsig» topary UEFA Çempionlar ligasynyň çärýek final tapgyrynda Madridiň «Atletikosyny» 2:1 hasabynda ýeňdi.

Duşuşygyň 50-nji minudynda Daniel Olmo «RB Leýpsigi» öňe çykardy. 71-nji minutda Žoau Feliş 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip, hasaby deňlemegi başardy. 88-nji minutda bolsa Taýler Adams nemes klubynyň ýeňiş topuny garşydaşyň toruna girizdi.
Ýarym finalda «RB Leýpsig» «Atalantany» 2:1 hasabynda ýeňen fransuz topary «PSŽ» bilen duşuşar.
Ýaz paslynda futbol möwsümini bozan koronawirus pandemiýasy sebäpli UEFA Ýewropa ýaryşlarynyň galan oýunlarynyň geçiş tertibini üýtgetdi. Oňa laýyklykda, çärýek final tapgyryndan başlap, Çempionlar ligasynyň duşuşyklary Portugaliýada «Sekizleriň finaly» görnüşinde geçirilýär we her jübüt toparyň arasyndaky ýeňiji bir oýunda kesgitlenilýär.