Türkmenistanyň Prezidenti kazylary wezipä bellemek hakynda resminamalara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti kazylary wezipä bellemek hakynda resminamalara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda:

Seýitjan Pirkulyýewiç Ýaňybaýew Ahal welaýatynyň Sarahs etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşadyldy;
Serdar Rozymyratowiç Allakow Ahal welaýatynyň Tejen etrap, şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenilip we oňa bäşinji hünär derejesi berildi;
Göwher Çaryýewna Eşanowa Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenilip we oňa bäşinji hünär derejesini berildi;
Döwran Gurbanow Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip we oňa bäşinji hünär derejesini berildi;
Gurt Amandurdyýewiç Gurbandurdyýew Ahal welaýatynyň Sarahs etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy.