Lukman koronawirusa garşy sanjym edilýän günde näme etmeli däldigini aýtdy

  • 13.08.2020 12:03
  • 16k+

Koronawirus ýokanjyna garşy sanjym edilýän günde alkogolly içgileri kabul etmeli däl, sebäbi immunitetiň we sanjymyň täsiriniň gowşamagy mümkin diýip, RIA Nowosti agentligine RF-niň Saglygy goraýyş ministrliginiň ştatdan daşary baş hünärmen-narkology Ýewgeniý Brýun aýtdy.

“Men islendik derman serişdesi, şol sanda sanjym hem (koronawirusa garşy) alkogol bilen alyşmaýar diýip pikir edýärin, sebäbi ilki bilen bu zäherleýji täsir, immunitetiň gowşamagy we sanjymyň täsiriniň gowşamagy” – diýip, ol aýdýar.

Sişenbe güni Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrligi täze koronawirus ýokanjynyň öňüni almak üçin Gamaleýa adyndaky epidemiologiýa we mikrobiologiýa milli barlag merkezi bilen Göni maýa goýumyň rus gaznasy bilen bilelikde taýýarlanan dünýäde birinji sanjymy bellige aldy.
Derman serişdeleriniň döwlet ýazgysynyň maglumatlary boýunça, sanjym raýat dolanyşygynda 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda peýda bolar.
Ony 1957-nji ýylda uçurylan Ýeriň ilkinji emeli hemrasynyň hormatyna “Sputnik V” diýip atlandyrdylar. Epidemiýanyň tutuş döwründe Russiýada SARS-CoV-2 koronawirusy bilen 897 599 adam keselledi, olardan 15,1 müňden gowragy ýogaldy, 703 müňden gowragy sagaldy.

düýn 11:31
3k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.7k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......