Toshiba noutbuklaryň bazaryny bütinleý terk edýär

  • 08.08.2020 23:37
  • 5.8k+

Toshiba noutbuklaryň bazaryndan gutarnykly gidýändigini mälim etdi. Öndüriji özüniň ykjam kompýuterleriň taslamasy boýunça bölümçesini Sharp kompaniýasyna satdy. Bu barada actualnews.org habar berýär.

Toshiba Satellite adyny alan, köpçülikleýin alyjylar bazary üçin niýetlenilen dünýäde ilkinji leptopy dörediji hökmünde bellidir. Indi ýapon brendi şeýle gurluşlary çykarmakdan ýüz öwürýär. Ýolbaşçylykda bölümçäniň Sharp korporasiýasynyň düzümine girýändigini aýtdylar. Şertnama heniz 2018-nji ýylda baglaşylypdy. Şol wagtda paýnamalaryň 80%-i satyn alyndy, gurluşlar bolsa öndürijiniň ozalky ady bilen çykarylmaýardy, olar üçin Dynabook brendi döredildi. Doly derejede işe gireninden soň, ol täze hojaýynyň bölünip aýrylan kärhanasy boldy. Ýöne birnäçe wagtyň dowamynda satuwda öňki gurluş ştaby tarapyndan işlenilip düzülen modeller täze at bilen çykar.
Ýatlap geçsek, 2017-nji ýylyň martynda şol wagt Toshiba degişli bolan Westinghouse amerikan atom kompaniýasy batdy. Ýapon kompaniýasy býujetde emele gelen çökgünligi ýapmak üçin serişde çeşmesini gözlemeli boldy. 2017-nji ýylyň sentýabrynda Toshiba şol wagt has girdejili bolan biznesi – Toshiba Memory kompýuter ýadynyň önümçiligini – Bain Capital maýa goýum fonduna hem-de Hoya korporasiýasyna satdy.
Häzirki wagtda Toshiba-nyň noutbuklaryň bazaryndan näme sebäpden gidendigi habar berlenok. Käbir maglumatlar boýunça, öndüriji satuwda Dell, HP we Lenovo ýol bermek bilen, şeýle kompaniýalar bilen bäsdeşlik edip bilmedi.

şu gün 08:33
2k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

düýn 21:59
1.8k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.5k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

20.06.2026 09:49
2.2k+

Bosch Huawei-ä enjam üpjünçiligi üçin ABŞ-na 36 million dollar jerime töleýär

Germaniýanyň Robert Bosch kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen dawa-jenjelleri çözmek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda, kompaniýa 36 million dollar möçberinde jerime tölemäge borçlandy....