Şähdiňi açýan önüm atlandyryldy

  • 07.08.2020 17:00
  • 15k+

Gawunyň etinde saklanýan peýdaly maddalar nerw ulgamyna oňyn täsir edýär we şähdiňi açmaga ýardam berýär diýip, “Moskwa” şäher habarlary agentligine saglygy goraýşyň paýtagt departamentiniň ştatdan daşary baş hünärmen dietology Antonina Starodubowa gürrüň berdi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Hünärmen gawunyň düzümine witaminleriň köp mukdarynyň, foliý turşusynyň, beta-karotiniň we köp sanly minerallaryň girýändigini düşündirdi. Bu toplumyň kömegi bilen önüm antioksidant täsirini hem ýüze çykarýar, ýürek-damar ulgamynyň işini gowulandyrýar we aterosklerozyň hem-de onkologiýa keselleriniň öňüni alyjy hasaplanýar diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.
Muňa garamazdan, Starodubowa gawuny aram ýagdaýda we gapma-garşylyk ýok bolsa iýmelidigini ýatlatdy.

“Hatda iň peýdaly önümiň hem howpsuz däldigini ýatdan çykarmaly däl. Gawunyň ýokary glikemiýa görkezijisini hasaba almak bilen, bir günde 300-400 gramdan köp (iki-üç bölek) iýmezlik maslahat berilýär. Artyk kabul etmek artykmaç agrama we semremä getirip bilýär” – diýip, lukman sözüni jemleýär.

düýn 23:49
219

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....