Türkmenistanda BMG-niň global migrasiýa toruny ulanyşa girizmek meýilleşdirilýär

  • 07.08.2020 08:16
  • 9.2k+

Türkmenistanyň howpsuz, düzgünleşdirilen we kanuny migrasiýa barada Global şertnamany (GDM) durmuşa geçirmek boýunça pudagara iş topary ilkinji ýygnagyny geçirdi.

ORIENT agentliginiň habar bermegine görä, onlaýn duşuşyga Merkezi Aziýa boýunça Halkara Migrasiýa Guramasynyň sebit utgaşdyryjysy Zeýnal Hajiýew, ministrlikleriň we edaralaryň, şeýle hem Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Howpsuz, düzgünleşdirilen we kanuny migrasiýa barada Global şertnama ählumumy gepleşikleriň we migrasiýa meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyň taryhynda möhüm tapgyrdyr. Ol 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş boýunça Gün tertibine we Addis Abeba meýilnamasyna esaslanyp, migrantlaryň we döwletleriň bähbidine migrasiýa akymlaryny dolandyrmak üçin döredildi.
Ylalaşygy ýerine ýetirmegiň proseduralary barada durup geçip, Halkara Migrasiýa Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy BMG-niň Baş Assambleýasynyň karary bilen göz öňünde tutulan Türkmenistanda BMG-niň global migrasiýa toruny ulanyşa girizmek baradaky meýilnamany mälim etdi. Onuň wezipesi, agza döwletlere dürli guramalaryň işini utgaşdyrmak arkaly howpsuz, düzgünleşdirilen we kanuny migrasiýa barada Global şertnamany durmuşa geçirmäge ýardam etmekdir.
Iş toparynyň utgaşdyryjysy - Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy ýurtda howpsuz, düzgünleşdirilen we kanuny migrasiýa barada Global şertnamany durmuşa geçirmek boýunça milli synyň taýýarlanmagy barada çykyş etdi.

Şeýle hem okap bilersiňiz:

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy onlaýn nobat hyzmatyny işe girizdi

düýn 14:24
2.1k+

Türkmenistanyň we Nigeriň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

1-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Niger Respublikasynyň daşary işler, hyzmatdaşlyk we daşary ýurtdaky nigerlileriň işleri boýunça ministri jenap Bakari Ýau Sangare bilen telefon arkaly söhbetdeş geçirdi...

düýn 13:44
12k+

Şwesiýanyň kazyýeti MTS bilen jedelde, Türkmenistanyň peýdasyna karar çykardy

Şwesiýanyň Swea Apellýasiýa kazyýeti MTS kompaniýasynyň ähli talaplaryny ret edip, Türkmenistanyň peýdasyna karar çykardy. Şeýle hem kazyýet MTS-i Türkmenistanyň bu iş boýunça kazyýet çykdajylaryny ödemäge borçly etdi...

düýn 13:28
1.1k+

Raşid Meredow Burkina Fasonyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Burkina-Fasonyň Daşary işler, sebit hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlardaky burkinalylaryň işleri boýunça ministri jenap Karamoko Žan-Mari Traoreniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi...

01.07.2025 14:51
9.1k+

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň I ýarymy üçin pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça hasaplaşyk döwri başlandy

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilere 2025-nji ýylyň I ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar berýär. Telekeçiler pensiýa gatançlaryny 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 15-nji awgusty aralygynda tölemelidirler...