ABŞ-da adaty ýollarda “uçýan awtolary” ulanmaga rugsat berildi

  • 06.08.2020 00:45
  • 22k+

Nýu-Gempşir amerikan ştaty köpçülikleýin ýollarda “uçýan ulaglary” ulanmaga kanuny taýdan rugsat berlen dünýäde birinji sebit boldy. Degişli kanuna ýerli gubernator Kris Sununy gol çekdi. Bu barada planet-today.ru habar berýär.

Nýu-Gempşirde kabul edilen kanun uçýan awtolaryň eýelerine (çaklama esasynda, sebäbi hakyky uçýan awtolar heniz ýok) özleriniň ulag serişdelerinde ýollardan hereket etmäge rugsat berýär, ýöne olara adaty ýollardan uçmaga we olarda gonmaga rugsat bermeýär – uçuş we gonuş üçin ýörite aerodromlardan peýdalanmaly.
Ýöne muňa garamazdan, bu hadysa ulagyň ýaş, ýöne geljegi bar bolan görnüşi üçin ähmiýetli boldy. Uçýan ulaglary öndüriji Samson Sky kompaniýasynyň baş müdiri Sem Bousfildiň aýtmagyna görä, Nýu-Gempşirde kabul edilen kanun täze senagatyň okgunly ösüşine umyt bildirmäge mümkinçilik berýär.

“Bu biziň onlarça ýylyň we köp ýyllaryň dowamynda garaşan zadymyz. Uçýan awtomobiller ahyry hakykata öwrülýär!” – diýip, Bousfild aýdýar.

Bazarda, dogrusy, häzirlikçe tapgyrlaýyn çykarylýan uçýan awtomobiller heniz ýok, ýöne bu belli bir wagtyň işi. Eýýäm ýakyn ýyllarda satuwda şeýle klasyň dürli görnüşli ulag serişdeleri peýda bolar. Belläp geçsek, Lazareth Auto-Moto fransuz kompaniýasy geçen ýyl uçýan motosikliň önümçiligine başlady.

şu gün 13:57
409

Implant ysmazly syçanlaryň hereketini dikeltmäge kömek etdi

Barlagçylar adamlarda we haýwanlarda oňurga ýiliginiň şikeslerini bejermegiň täsirli usulyny döretmäge bir ädim ýakynlaşdylar. Oklend uniwersitetiniň (Täze Zelandiýa) alymlary ysmaz alakalarda hereket funksiýalaryny dikeldýän minimal inwaziw tehnologiýany işläp düzdüler...

06.07.2025 15:43
2.3k+

ABŞ-ly alymlar robotlara gutynyň içindäki predmetleri görmegi öwretdiler

Massaçusets Tehnologiýa institutynyň (MIT) alymlary ammar robotlaryna karton gutularyň, plastmassa gaplaryň içinde ýa-da ýuka diwarlaryň aňyrsyndaky predmetleri ýokary takyklykda kesgitlemäge mümkinçilik berýän mmNorm tehnologiýasyny döretdiler...

05.07.2025 19:13
4.2k+

Pikiriň güýji bilen dolandyrylyp bilinýän robot protez gol döredildi

Alymlar operasiýa edilmezden ýa-da gymmat enjamlary ulanmazdan pikiriň güýji  bilen dolandyrylyp bilinýän robot goly döretdiler. Täze inwaziw däl “beýni-kompýuter” interfeýsi elektrodly şlem bilen işleýär we bedene oturdylmagyny talap etmeýär...

29.06.2025 12:54
4.2k+

Singapurly alymlar "derleýän" boýag döretdiler. Ol salkyn howany saklap galýar

Singapurly alymlar yssy we çygly howa şertlerinde kondisioner üçin energiýa sarp edilişini ep-esli azaldyp bilýän innowasion ak reňkli boýag döretdiler diýip, New Atlas neşiri ýazýar. Täze boýag "derleýär" – ýagny, nemi özünde saklap, gyzanda ony buglandyrýar...