MMA-nyň göreşijisi tutluşykda ýeňenden soň, eminiň üstüne topuldy

  • 02.08.2020 10:02
  • 15k+

MMA-nyň göreşijisi Ahmad El-Darmaki emine gödek daraşandygy üçin ýaryşlardan çetleşdirildi. Bu hadysa Abu-Dabide UAE Warriors 12 ýaryşynyň çäklerinde ýarym ýeňil agram derejede El-Darmaki bilen Bogdan Kirilenkonyň arasyndaky duşuşykda bolup geçdi. Bu barada sports.ru habar berýär.

Birinji raundda El-Darmaki garşydaşyny demikdiriji emel ulanyp ýeňmegi başardy. Emin Mark Goddard göreşi saklady. Ondan soňra ýeňiji emini iki gezek itekledi. Netijede, ýaryşlardan çetleşdirilmek görnüşinde temmi aldy.

şu gün 14:08
3.8k+

Mbappe psihologik basyş edilmegi babatda “PSŽ”-nyň üstünden ýazan arzasyny yzyna aldy

Fransuz hüjümçisi Kilian Mbappe öňki kluby bolan “Pari Sen-Žermene” üstünden beren kazyýet arzasyndan özüne psihologik basyş edilmegi babatdaky bölegi yzyna aldy diýip, L'Equipe habar berýär. Futbolçy "ünsüni sport meselelerine jemlemek" üçin şeýle karara geldi...

şu gün 12:22
1.9k+

“Mançester Ýunaýted” Amazonyň klub hakynda 10 mln funt sterlinglik dokumental film düşürmek teklibini ret etdi

"Mançester Ýunaýted" şertnamanyň bahasynyň 10 million funt sterlingdigine garamazdan, Amazonyň klub barada  dokumental film düşürmek baradaky teklibinden ýüz öwürdi diýip, The Athletic habar berýär. Çeşmäniň habaryna görä, Amazon bilen gepleşikler geçen möwsümiň ikinji ýarymynda birnäçe aýlap geçirilipdi...

şu gün 11:39
2.9k+

“Çelsi” Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalyna çykdy, ol “Real” ýa-da “PSŽ” bilen duşuşar

Londonyň “Çelsisi” 2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionaty ýaryşynyň ilkinji finalçysy boldy. Ol ýarym finalda Braziliýanyň “Fluminense” toparyny 2:0 hasabynda utdy. Oýun Ist-Raterforddaky (ABŞ) “Metlaýf” stadionynda geçirildi...

şu gün 11:18
1.4k+

“Barselona” 35 ýaşly Woýseh Şensny bilen şertnamany 2027-nji ýyla çenli uzaltdy

“Barselona” polşaly derwezeban Woýseh Şensny bilen täze şertnama baglaşdy. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär. 35 ýaşly futbolçy bilen şertnama 2027-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýär. Şensny katalon toparyna 2024-nji ýylyň oktýabrynda – karýerasyny tamamlandygyny yglan edenden iki aý soň goşuldy...