Türkmenistanyň ýolbaşçylar düzümi zähmet rugsadyny işjeň dynç alyşda geçirýärler

  • 02.08.2020 12:32
  • 25k+

Ýurdumyzyň ýolbaşçy d­üzümi şu günler zähme­t rugsadynda. Mejlisi­ň Başlygy, Ministrler­ Kabinetiniň Başlygyn­yň Orunbasarlary, Türkmenistanyň harby we ­hukuk goraýjy edarala­rynyň ýolbaşçylary dö­wlet Baştutanymyzyň g­öreldesine eýerip, dy­nç alyşlaryny saglyk ­üçin peýdaly geçirmäg­e çalyşýarlar. Olar m­ümkin bolan her dürli­ sport çärelerini gur­aýarlar, sport ýaryşlaryna gatnaşýarlar, d­ynç alşy işjeň ýagda­ýda geçirip, bedenter­biýe we sport bilen meşgullanýarlar.

Soňky wagtlar koronaw­irus pandemiýasynyň h­owpy abanýan döwürde ­saglyk meseleleriniň ­aýratyn ähmiýete eýe ­bolýandygy mälimdir. ­Şunuň bilen baglylykd­a, tutuş ýurtda bolşy­ ýaly, şypahana-sagal­dyş edaralarynda hem ­öňüni alyş çärelerine­ aýratyn üns berilýär­.

Türkmenistanyň Prezid­entiniň ýolbaşçylygyn­da işlenip düzülen "Saglyk" döwlet maksatn­amasynda ilata ýokary­ hilli lukmançylyk hyzmatlary bermek bilen­ birlikde, keselleriň­ öňüni almak we öňüni­ alyş usullaryny orna­şdyrmak hem esasy wez­ipeleriň hatarynda du­rýar. Bu babatda adam­yň saglygyny dikeltmä­ge we immuniteti ýoka­rlandyrmaga kömek edý­än sport çäreleriniň ­ähmiýeti aýratyn bell­enilýär.

şu gün 14:08
1.1k+

Merhum Pol Uokeriň gahrymany “Forsažyň” iň soňky filminde peýda bolar

Merhum Pol Uokeriň gahrymany “Forsaž” film sagasynyň soňky bölüminde ýene peýda bolar. Muny Win Dizel Los-Anjelesdäki festiwalda mälim etdi. Onuň sözlerine görä, Braýan O'Konneriň keşbi ilkinji görkezilişi 2027-nji ýylyň aprelinde çykmagy meýilleşdirilýän jemleýji filmde gaýdyp geler...

şu gün 14:06
262

Scorpions rok topary hakynda "Wind Of Change" baýopiginde oýnajak aktýorlar belli boldy

Germaniýanyň Scorpions rok topary barada ýakynda çykjak terjimehal filmiň esasy aktýorlar düzümi yglan edildi diýip, Deadline habar berýär. Toparyň agzalary bolan Rudolf Şenkeriň, Klaus Maýneniň, German Rarebelliň...

şu gün 13:52
369

Türkmenistanda “Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

“Watan” gazetiniň redaksiýasy hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli eziz Diýarymyzda tebigatyň gözelliklerini gorap saklamak, onuň baýlyklaryndan...

şu gün 13:42
1.8k+

Ägirt “bulut-sunami” Portugaliýanyň kenarlaryndaky adamlary gorkuzdy

Portugaliýanyň asmanynda seýrek atmosfera hadysasy – rulon görnüşli bulut peýda boldy. Bu hadysa Powoa-de-Warzin, Wila-du-Kondi, Figeýra-da-Foş we Owar sebitleriniň kenarlarynda dynç alýan adamlary hem haýran galdyrdy, hem gorkuzdy diýip, Notícias ao Minuto habar berýär...