Amazon hemralaýyn internet ulgamyna $10 milliarddan gowrak maýa goýýar

  • 01.08.2020 18:55
  • 8.4k+

ABŞ-nyň aragatnaşyklar boýunça federal komissiýasy (FCC) Amazon kompaniýasyna hemralaýyn internet ulgamyny döretmäge rugsat berdi, bu barada komissiýanyň saýtynda habar berilýär. Muny quote.rbc.ru ýetirýär.

Kompaniýada Kuiper taslamasyna $10 milliarddan gowrak maýa goýumyň meýilleşdirilýändigi aýdyldy. Ol Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasynyň Starlink hemralarynyň torlary bilen bäsdeşlik eder.

“Dünýäde giň zolakly elýeterliligiň ygtybarly bolmadyk ýa-da asla ýok bolan ýerleri köp. Kuiper muny üýtgeder. Biziň $10 mlrd möçberdäki maýa goýumymyz ABŞ-da iş orunlarynyň we infrastrukturalaryň döredilmegini üpjün eder, bu öz gezeginde bar bolan ýetmezçiligi aýyrmaga kömek eder” – diýip, Amazonyň wise-prezidenti Deýw Limp aýdýar.
“Biz Kuiper babatda talapnamanyň makullanylmagy görkezilen talaplary we şertleri berjaý etmek bilen jemgyýetçilik isleglerine hyzmat eder diýen netijä geldik. Kuiper-iň hödürleýän giň zolakly elýeterliligi amerikan sarp edijilerine peýda getirer” – diýip, FCC-de belleýärler.

Taslamanyň çäklerinde Amazon Ýere golaý orbita 3 müňden gowrak hemrany uçurmagy meýilleşdirýär. Ulgam Ýer stansiýalaryny, müşderiler üçin terminallary, hemralary dolandyrmak boýunça merkezleri we beýlekileri hem öz içine alar. Tor ulanyjylary diňe bir ABŞ-da däl, eýsem, dünýäniň beýleki sebitlerinde hem gurşap alar.
Amazon hemralaryň bäş tapgyrda goýberiljekdigini we hyzmat ediş işiniň orbitada 578 hemra bolanda başlajakdygyny aýdýar.
Iýulyň ortalarynda Morgan Stanley bankynyň analitigi Adam Jonas bu taslama Amazona $100 mlrd getirip biler diýip hasaplady. Bankda kosmiki ykdysadyýetiň geljek 20 ýylyň içinde $1 trilliona çenli ýokarlanmagyna garaşylýar.
Amazon dünýäde uly onlaýn-riteýleriň biri hasaplanylýar. ABŞ-dan başga kompaniýa Kanadada, Hytaýda, Braziliýada, Ýaponiýada we Ýewropa ýurtlarynda işleýär. Belläp geçsek, Amazon.com internet dükany 1995-nji ýylyň iýulynda işe girizildi.

düýn 17:03
4.9k+

Tanis şäherinden tapylan 225 heýkeljik mazarda ýatan faraonyň adyny anyklamaga ýardam etdi

Arheologlar Nil deltasyndaky gadymy Tanis şäherinde ýerleşýän şa mazaryndan 225 sany jaýlamak üçin niýetlenen heýkeljik tapdylar. Bu artefaktlaryň ýüzündäki nyşanlar atsyz sarkofagda ýatan merhumyň şahsyýetini anyklamaga mümkinçilik berdi: ol faraon Şeşonk III bolup çykdy...

düýn 15:06
2.9k+

400 müň ýyllyk oduň yzy tapyldy: neandertallar Homo sapiens-den has öň ot ýakypdyr

Arheologlar Suffolk graflygyndaky arheologik ýadygärligiň çäginde adamlaryň 400 müň ýyl mundan ozal – öňki hasap edilenden tas 350 müň ýyl ir ot ýakmagy öwrenendigine subutnama tapdy. Ylmy gözleg Nature žurnalynda neşir edildi...

düýn 08:34
1.2k+

ABŞ-da gatanda CO₂-ni siňdirýän beton işlenip düzüldi

Massaçusetsdäki Wuster Politehniki Institutynyň (WPI) alymlary Fermentatiw Gurluşlyk Materialy (ESM) diýlip atlandyrylýan innowasion gurluşyk materialyny işläp düzdüler. Onuň esasy aýratynlygy uglerod-negatiw bolmagydyr: gatama prosesinde ol kömürturşy gazyny çykarman, tersine, atmosferadan kömürturşy gazyny işjeň özüne siňdirýär...

14.12.2025 23:36
4.8k+

Geň soňlama: Hytaýda daşdan düwnüp heläk bolan gadymy guş tapyldy

Paleontologlar Hytaýyň Týanýu Tebigy Taryh Muzeýiniň zat saklanýan ýerlerinde adaty bolmadyk açyş etdiler. Geçirilen barlagda öň mälim bolmadyk guş görnüşiniň köp sanly ýuwdulan daşlardan düwnüp ölendigini görkezýän galyndy tapyldy...