Aziýanyň kompaniýalary ABŞ zerarly onlarça milliard dollar ýitgi çeker

Aziýanyň kompaniýalary ABŞ zerarly onlarça milliard dollar ýitgi çeker

ABŞ Hytaýa sanksiýa gapma-garşylygynyň çäklerinde Huawei kompaniýasyny jezalandyrmak kararyna gelenden soň, Aziýa — Ýuwaş ummany sebitleriniň tehnologik kompaniýalary onlarça milliard dollary ýitirip bilerler. Bu barada Standart and Poor’s reýting agentliginiň derňew işinde aýdylýar diýip, CNBC ýazýar. Muny lenta.ru ýetirýär.

Huawei bilen işewürlik alyp barmagyň kynlaşýandygy sebäpli, ýitginiň göwrümi 25 milliard dollar bilen bahalandyrylýar. Täze çäklendirmeler, çaklamalara görä, çipleri öndüriji Taiwan Semiconductor Manufacturing Co. (TSMC) we Semiconductor Manufacturing International Corporation ýaly kärhanalaryň girdejilerini 15-20% kemelder.
Sebitdäki beýleki firmalar ABŞ-nyň «gara sanawyna» Huawei bilen birlikde giren firmalar bilen aragatnaşyk edýändikleri sebäpli gytaklaýyn ýagdaýda $18 mlrd möçberde urgy aldylar.
Maý aýynda ABŞ söwdanyň täze düzgünlerini girizdi, ýagny ýarym geçiriji enjamlary çykarmak bilen meşgullanýan we munuň üçin amerikan enjamlaryny ulanýan daşary ýurt kompaniýalary ygtyýarnama almaly. ABŞ-nyň hökümetiniň ygtyýarnamasy bolmasa, şeýle firmalar Huawei kompaniýasyna hyzmatlary göni hödürläp bilmeýärler.
Ygtyýarnama berme bilen bagly täze düzgünleriň girizilmezinden öň, Huawei ABŞ-nyň milli howpsuzlygyna wehim salýan guramalaryň “gara sanawyna” girizildi. Amerikan firmalary Waşington makullamasa, smartfonlary öndüriji bilen hyzmatdaşlyk edip bilmediler.