FIFA milli assosiasiýalaryna çökgünligi ýeňip geçmek üçin ýardam berer

  • 02.08.2020 07:02
  • 3.6k+

Halkara futbol federasiýasy koronawirus çökgünliginden gutulmak üçin milli assosiasiýalara kömek meýilnamasyny tassyklady. Onuň çäklerinde FIFA-nyň 211 agza birleşiginiň hersi 1,5 million dollar alar. Bu barada Euronews habar berýär.

Maliýe kömeginiň bir milliony işleri we ýaryşlary täzeden ýola goýmak üçin, 500 000 dollary bolsa aýal-gyzlar futbolyny goldamak üçin gönükdiriler. Her milli birleşme 5 million dollara çenli göterimsiz karz alyp biler. Umuman, FIFA bu maksatlar üçin jemi 1,5 milliard dollar bölüp berdi.
Maliýe kömegini almaga mümkinçilik üç basgançakda açylar. Maliýe serişdeleriniň esasy böleginiň geljek ýylyň ýanwar aýyndan elýeterli bolmagyna garaşylýar.
FIFA-nyň ýörite döredilen utgaşdyryjy komitetiniň gözegçiligi astynda pul paýlamak, ulanmak we karzlary üzmek üçin berk talaplar girizilýär.
Ýüz tutmada pandemiýa we maliýe meýilnamasy bilen baglanyşykly ýitgileriň subutnamasy görkezilmeli. Aýal-gyzlar futbolyna kömek puluny almak üçin jikme-jik ösüş strategiýasyny işläp taýýarlamaly.

düýn 14:53
6.4k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

düýn 13:51
7.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
7.6k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 20:10
8.4k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....