Rospotrebnadzor: koronawirus suwda 72 sagatda ölýär

Rospotrebnadzor: koronawirus suwda 72 sagatda  ölýär

Geçirilen barlaglar suwda koronawirus bölejikleriniň ählisiniň diýen ýaly, otag temperaturasynda 24 sagatda - 90%-i, 72 sagatda bolsa - 99,9%-i ölýändigini görkezdi. Barlag "Wektor" merkezi tarapyndan geçirildi. Bu barada "Rospotrebnadzora" hem-de "RIA" agentliginiň habaryna salgylanyp, kommersant.ru habar berýär.

Mundan başga-da, hünärmenler koronawirusyň hlorsyzlandyrylan (dechlorinated) we deňiz suwlarynda köpelmeýändigini hem anykladylar. Şol bir wagtyň özünde onuň ömrüniň uzaklygy suwuň temperaturasyna baglydyr: gaýnamanyň netijesinde ol doly ölýär.
Öň, “Rospotrebnadzoryň” başlygy Anna Popowa “Wektoryň” barlaglary barada çykyş edipdi. Şonda ol koronawirusyň süýji hem-de duzly suwda köpelmeýändigini, gaýnamanyň bolsa ony derhal öldürýändigini habar berdi. Krym we Krasnodar sebitleriniň suw howdanlarynda, basseýnlerinde we akwaparklarynda COVID-19-y oýaryjy serişdäniň ýüze çykarylmandygyny aýtdy.

"Wektor" merkeziniň koronawirusa garşy sanjym taýýarlaýandygyny ýatladyp geçýäris. Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri Tatýana Golikowanyň pikiriçe, synaglar sentýabr aýynda tamamlanar we oktýabr aýynda önümçilige başlanar.