Türkmenistanda «Internet-bank» ulanyjylarynyň sany 500 müňden geçdi

  • 30.07.2020 16:43
  • 17k+

Häzirki wagta çenli ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan üpjün edilýän "Internet-bank" hyzmatyndan peýdalanýanlaryň sany 552,6 müňden geçdi, "Mobil-bank" hyzmatyndan peýdalanýanlaryň sany bolsa 22,2 müňden ötdi. Bu maglumatlary Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň Ylmy we Önümçilik Geňeşiniň baş hünärmeni "Neýtralnyý Türkmenistan" gazetine beren interwýusynda paýlaşdy.

Hünärmeniň aýtmagyna görä, 2020-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlary aralygynda bankomatlar, terminallar, "Internet-bank", "Mobil-bank" we "Elektron söwda" hyzmatlary arkaly nagt däl tölegleriň mukdary 3,2 milliard manat boldy. 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu 3,13 esse ýokarydyr. Häzirki wagtda bank kartlarynyň sany 4 million 288 müň 600-den geçdi, töleg terminallarynyň sany bolsa 37 müňe ýetdi. 2020-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlary aralygynda nagt däl tölegleriň kart töleg ulgamyndaky umumy mukdaryna gatnaşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,42 esse ýokarlandy.
Häzirki wagtda bank müşderileri şäher we öýjükli telefonlaryň, IP-teleýaýlymyň we internetiň hasaplaryny doldurmak, ipoteka we beýleki karzlar boýunça esasy karzy we göterimleri tölemek, bank karty boýunça göçürmäni almak üçin "Internet-bank" we "Mobil-bank" ulgamlarynyň hyzmatlaryndan giňden peýdalarlar. Şeýle hem müşderiler bank kartlary we ýörite programmalar arkaly demirýolda we şäherara awtobuslarda syýahat üçin petek satyn almak mümkinçiligine eýe.

düýn 22:09
595

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
513

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

düýn 12:31
3.9k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 10:26
550

Mejlisde Konrad Adenauer adyndaky Gazna bilen ekologik hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

16-njy iýunda Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Konrad Adenauer adyndaky Gaznasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Andre Algermissen bilen......