Disney kompaniýasy pandemiýa sebäpli filmleriniň premýerasyny soňa goýdy

  • 24.07.2020 23:38
  • 5.7k+

The Walt Disney korporasiýasy dünýädäki koronawirus pandemiýasy sebäpli “Mulan” hem-de beýleki kartinalaryň premýerasyny soňa goýdy. Häzirki wagtda kompaniýanyň hünärmenleriniň filmi tomaşaçylara nähili görkezmeli diýen meseläni çözýändikleri habar berilýär. Ilkibaşda kinokartina şu ýylyň awgustynda çykar diýlip meýilleşdirilipdi. Indi bolsa premýera näbelli möhlet bilen soňa goýuldy diýip, “The Hollywood Reporter” neşiri ýazýar. Muny kp.ru ýetirýär.

Wagtlaýyn soňa goýlan kartinalaryň arasynda “Awatar 2” filminiň premýerasy hem bar. Kompaniýa filmiň çykyş möhletini 2021-nji ýylyň dekabryndan 2022-nji ýylyň şu aýyna geçirdi.
Ýeri gelende bellesek, “Ýyldyz söweşleri” (“Звездные войны”) kinosagasynyň hem dowamyny yza süýşürdiler. Indi täze bölüm 2023-nji ýylyň dekabryndan ir çykmaz. Kompaniýada bellenilişi ýaly, koronawirus pandemiýasy sebäpli kinoteatrlaryň ýapylmagy hem-de kinoönümçiligindäki togtamalar bilen bagly şeýle karara gelindi.
Disney bilen ugurdaş uly proýektleriň yza süýşürilýändigi barada Paramount kompaniýasynda hem habar berdiler. Bu ýagdaý režissýor Jon Krasinskiýniň “Ýuwaş ýer” (“Тихое место”) gorkunç filmine hem-de Tom Kruzly “Top Gan: Mewerik” uruşly filme degişli boldy. Bu kartinalaryň ikisi hem şu ýylyň ikinji ýarymynda çykmalydy, ýöne indi relizler degişlilikde 2021-nji ýylyň 23-nji aprelinde hem-de 2-nji iýulynda geçer.
“Möý adam: öýden uzakda” (“Человек-паук: вдали от дома”) filminiň premýerasy hem azyndan 2021-nji ýylyň dekabryna çenli süýşürildi. Öň bu kartinanyň prokada çykyşy 2021-nji ýylyň iýulyndan noýabryna geçirildi. Gürrüň hut amerikan premýerasy barada gidýär. Kartinanyň halkara prokada çykmagy sorag astynda diýip, “Variety” žurnaly ýazýar. Sony Pictures filmiň çykyş möhletini koronawirus pandemiýasy sebäpli üýtgetmek kararyna geldi.

12.05.2026 18:30
1.5k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.3k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....

25.04.2026 15:42
3.3k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....