Britaniýa Ýaponiýadan 5G toruny gurnamaga kömek etmegi sorady

  • 20.07.2020 16:05
  • 3.5k+

Beýik Britaniýada täze nesliň toruny döretmek işi bilen Huawei derek NEC we Fujitsu ýapon kompaniýalarynyň meşgullanmagy mümkin. 19-njy iýulda Britaniýanyň 5G toruny gurmakda Ýaponiýadan kömek sorandygy belli boldy. Bu barada “Nikkei” ýapon gazeti habar berýär. Muny piter.tv ýetirýär.

Tory üpjün ediji hökmünde Britaniýa diňe bir Huaweini däl-de, eýsem NEC we Fujitsu ýapon kompaniýalaryny-da göz öňünde tutýar. Bu iki kompaniýa 5G-niň esasy menzilleri bazarynyň bary-ýogy bir göterimini eýeleýär. Muňa garamazdan, London degişli hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar. NEC kompaniýasyndaky habar çeşmesi kompaniýanyň britan tarapy bilen gepleşiklere eýýäm başlandygyny habar berdi. Fujitsu kompaniýasyndaky habar çeşmesiniň maglumatlary boýunça, kompaniýa öz önümlerini Ýewropada satmakçy bolýar we munuň üçin mümkinçilikleri gözleýär. Bu taslamanyň NEC we Fujitsu kompaniýalaryny dünýä derejesine çykaryp biljekdigi bellenilýär.
Beýik Britaniýa geçen hepdede 5G toruny döretmekde 2027-nji ýylyň ahyryna çenli Huawei enjamlaryndan ýüz öwürmek kararyna geldi. Şeýle ädim bäsdeşligi işjeňleşdirmek we ýurduň simsiz aragatnaşygynyň operatorlary üçin çykdajylary azaltmak üçin täze üpjün edijileriň ünsüni çekmekde Beýik Britaniýanyň tagallalaryna täsirini ýetirýär diýlip, habarda aýdylýar.
Sanly tehnologiýanyň, medeniýetiň, KHBS-iň we sportuň ministri Oliwer Dauden 5G tehnologiýasy “onuň gurlan infrastrukturasynyň howpsuzlygyna we durnuklylygyna” ynam bolan ýagdaýynda Beýik Britaniýa üçin “rewolýusiýa üstünligi” bolar diýip aýdýar. Ol 2021-nji ýylyň ýanwaryndan “enjamyň ýekeje-de täze toplumynyň satyn alynmajakdygyny, 2027-nji ýylyň ahyryna çenli bolsa Huaweiniň Britaniýanyň 5G torlaryndan doly derejede aýryljakdygyny” belledi. Häzirki wagtda 5G bazarynyň 80%-ini Huawei, Ericsson we Nokia eýeleýär.

şu gün 13:57
890

Implant ysmazly syçanlaryň hereketini dikeltmäge kömek etdi

Barlagçylar adamlarda we haýwanlarda oňurga ýiliginiň şikeslerini bejermegiň täsirli usulyny döretmäge bir ädim ýakynlaşdylar. Oklend uniwersitetiniň (Täze Zelandiýa) alymlary ysmaz alakalarda hereket funksiýalaryny dikeldýän minimal inwaziw tehnologiýany işläp düzdüler...

06.07.2025 15:43
2.3k+

ABŞ-ly alymlar robotlara gutynyň içindäki predmetleri görmegi öwretdiler

Massaçusets Tehnologiýa institutynyň (MIT) alymlary ammar robotlaryna karton gutularyň, plastmassa gaplaryň içinde ýa-da ýuka diwarlaryň aňyrsyndaky predmetleri ýokary takyklykda kesgitlemäge mümkinçilik berýän mmNorm tehnologiýasyny döretdiler...

05.07.2025 19:13
4.3k+

Pikiriň güýji bilen dolandyrylyp bilinýän robot protez gol döredildi

Alymlar operasiýa edilmezden ýa-da gymmat enjamlary ulanmazdan pikiriň güýji  bilen dolandyrylyp bilinýän robot goly döretdiler. Täze inwaziw däl “beýni-kompýuter” interfeýsi elektrodly şlem bilen işleýär we bedene oturdylmagyny talap etmeýär...

29.06.2025 12:54
4.2k+

Singapurly alymlar "derleýän" boýag döretdiler. Ol salkyn howany saklap galýar

Singapurly alymlar yssy we çygly howa şertlerinde kondisioner üçin energiýa sarp edilişini ep-esli azaldyp bilýän innowasion ak reňkli boýag döretdiler diýip, New Atlas neşiri ýazýar. Täze boýag "derleýär" – ýagny, nemi özünde saklap, gyzanda ony buglandyrýar...