UFC Getjä Habibden başga garşydaş tapdy

  • 16.07.2020 18:12
  • 23k+

“Absolute Fighting Championship”-iň (UFC) ýolbaşçysy Deýna Uaýt amerikaly Jastin Getji bilen söweşmekden ýüz öwürse, Habib Nurmagomedowa derek söweşiji tapandygyny mälim etdi. Bu barada onuň sözlerini getirýän "BetOn"-a salgylanyp, lenta.ru habar berýär.

“Habib-Getji söweşiniň geçmegini üpjün etmek üçin Dastin Porýeni ätiýaç hökmünde göz öňünde tutýarys. Porýe ýaňy-ýakynda Dan Hukeriň garşysyna ajaýyp söweşipdi. Ol henizem gowy ýagdaýda we söweşden bir aý öň çykyp biler diýip pikir edýärin" diýip, Deýna Uaýt belledi.
Şeýle hem ol Getjiniň Porýe bilen täzeden tutluşmak isleýändigini, şonuň üçin hem olaryň duşuşygynyň “hakyky feýerwerk” bolup biljekdigini aýtdy. Düýn Uaýt Getji bilen boljak söweş dogrusynda Nurmagomedow bilen habarlaşmandygyny, sebäbi oňa kakasy Abdulmanap Nurmagomedowyň ölüminden soň özüni ele almaga wagt berendigini aýtdy. Şeýle hem ol tutluşygyň ýatyrylmaly däldigini belledi.
Nurmagomedow Getji bilen 2020-nji ýylyň güýzünde duşuşmaly. Amerikaly söweşiji ozal Toni Fergýuson bilen bolan söweşde rus pälwanynyň ornuny tutup, ony ýeňdi we ýeňil agramda UFC-niň wagtlaýyn çempiony diýen ada eýe boldy.

düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......