Kazyýet Ýewrokomissiýanyň Apple-den 13 mlrd ýewro almak baradaky kararyny ýatyrdy

  • 16.07.2020 15:06
  • 8.4k+

Ýewropa kazyýeti (Ýewropa Bileleşiginiň Kazyýetiniň kararyna şikaýat edip bolmaýan ýokary instansiýasy) Irlandiýanyň hökümetini Apple kompaniýasyndan 13 mlrd ýewro almaga borçly eden Ýewrokomissiýanyň kararyny ýatyrdy. Bu barada rbc.ru habar berýär.
2016-njy ýylda Ýewrokomissiýa Irlandiýanyň hökümetiniň kompaniýanyň iki sany Apple Sales International (ASI) we Apple Operations Europe (AOE) kärhanasyna kanuny däl salgyt ýeňilliklerini berendigini, munuň bolsa olara girdejä salgyt boýunça tölegleri birden azaltmaga we 13 mlrd ýewrony tygşytlamaga mümkinçilik berendigini tassyklady. Netijede Apple, Ýewrokomissiýanyň pikiriçe, beýleki kompaniýalardan artykmaçlyga eýe boldy. Ýewropa Bileleşiginiň agzalarynyň aýratyn kompaniýalara, eger-de olar beýlekilere elýeterli bolmasa, salgyt ýeňilliklerini bermäge hukugy ýok diýip, 2016-njy ýylda bäsdeşlik boýunça ýewrokomissar Margret Westager belledi. Netijede ÝB-niň hökümeti kompaniýa tölenilmedik salgytlaryň öwezini dolmaga borçly diýen karara geldi. Ýewropa kazyýeti Ýewrokomissiýanyň netijeleri bilen ylalaşmady we onuň kararyny ýatyrdy.
“Ýewrokomissiýa hukuk ölçegleri bilen baglylykda artykmaçlygyň bardygyny subut etmek başartmady. Kazyýetiň kararyna laýyklykda, Komissiýa ASI we AOE kompaniýalarynyň aýratyn ykdysady artykmaçlyga we şonuň bilen, döwlet tarapyndan goldawa eýe bolandyklary babatda nädogry netijä geldi” – diýlip, Ýewropa kazyýetiniň press-gullugynyň habarnamasynda aýdylýar.
Apple-den başga-da, ýewrokomissiýanyň kararyna kazyýetde Irlandiýanyň hökümeti hem 2020-nji ýylda Apple kompaniýasyndan göterimi hasaba almak bilen tas 14 mlrd ýewro almalydygyna garamazdan, garşy çykdy. Dublin kazyýetde köpmilletli korporasiýalaryň ünsüni çekmek üçin ýeňillikli salgyt şertlerini döretmek bilen bagly hukugyny goraýar, ýagny şeýle ýagdaýda korporasiýalar ABŞ-dan başlap, beýleki döwletlerde ýokary salgyt töleginden giderler. Şeýle ýagdaýy saklamak Irlandiýa üçin Apple kompaniýasyndan 14 mlrd ýewro almakdan hem has möhüm.

düýn 23:22
324

Jeýkob Elordi Bleu de Chanel-iň täze atyrynyň ýüzi boldy

Akýor Jeýkob Elordi meşhur erkek atyry bolan Bleu de Chanel-iň resmi ilçisi boldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär....

düýn 00:07
2.1k+

1X startapy ýylda 100 müň öý robotyny öndürjek zawod açdy

Norwegiýanyň 1X Technologies startapy Kaliforniýa ştatynyň Heýword şäherinde «Neo» atly gumanoid (adampisint) robotlary öndürýän zawodyny açdy....

11.05.2026 23:23
2.3k+

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

11.05.2026 18:18
1k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......