Apple iPhone-yň gowşak işleýändigi üçin 500 million dollar tölär

  • 15.07.2020 16:39
  • 12k+

Smartfonlaryň we beýleki gajetleriň önümçiligi boýunça Apple kompaniýasy iPhone-yň kemçilikli modellerini satyn alan her bir adama 25 dollardan tölemäge taýýar. Apple-iň käbir modelleriniň aşa haýal işlemegi zerarly, müşderiler köp arz edip başladylar. Haýallamanyň sebäbi prosessorlaryň haýal işlemeginden eken. Bu barada live24.ru habar berýär.

Zyýan çekenler töleg almak üçin kompaniýa toparlaýyn arza berdiler. Munuň üçin ulanyjylar ýörite taýýarlanylan saýta girip, ol ýerde modeli hem-de onuň gabat gelmeýän häsiýetlerini görkezip, özleriniň arzasyny galdyrmalydy. Tölegi iPhone 6, iPhone 6 Plus, iPhone 6S, iPhone 6S Plus we iOS 10.2.1 operasion sistemaly iPhone SE modelleriň, şeýle-de iPhone 7 ýa-da iOS 11.2 operasion sistemaly iPhone 7 Plus modelleriň eýesi alar. Netijede, Apple umumy alanyňda 500 million dollar tölemeli bolýar. Bu pul her bir zyýan çekene berler, bu bolsa adam başyna 25 dollardan düşýär. Tölegiň diňe ABŞ-nyň ýaşaýjylaryna niýetlenilendigini belläp geçmeli.
Ýöne bu örän takmyn hasap. Iş ýüzünde iPhone-yň bir ulanyjysyna düşýän pul az hem bolup biler. 2020-nji ýylyň dekabrynda bu işe degişli jemleýji mejlis geçiriler. Eger-de kazyýet alyjylary makullasa, töleg tiz ýagdaýda töleniler. Hünärmenler şeýle bolar diýip çaklaýarlar, sebäbi kompaniýanyň alyjylar has gymmat we täze modelleri satyn alar ýaly köne gurluşlaryň prosessorlarynyň işini ýörite haýalladandygy anyklanyldy.

düýn 20:12
5.7k+

Indoneziýadaky Lewotobi Laki Laki wulkany 18 km beýiklikde kül zyňdy

Indoneziýanyň Flores adasynda Lewotobi Laki Laki wulkanynyň güýçli atylmasy bolup geçdi. Asmana 18 km beýiklikdäki kül sütüni göterildi diýip, ýerli häkimiýetlere salgylanyp, CNA habar berýär. Indoneziýanyň wulkanologiýa agentliginiň maglumatlaryna görä, wulkan gaty sesli partlamalar bilen atyldy...

düýn 10:25
3.9k+

Dünýäde CO₂ zyňyndylary rekord derejede 40,8 milliard tonna ýetdi

Geçen ýyl dünýäde kömürturşy gazynyň zyňyndylary CO₂ ekwiwalentinde 40,8 milliard tonna ýetdi. Bu barada Energetika instituty (EI) tarapyndan neşir edilen “2025-nji ýylda dünýä energetikasynyň san maglumatyna syn” atly täze hasabatda aýdylýar...

07.07.2025 13:30
7.5k+

Orbitadan bulutlaryň üstünde seýrek ýyldyrym surata alyndy

NASA-nyň zenan astronawty Nikol Aýers Halkara kosmos stansiýasynyň bortundan ýyldyrymyň seýrek görnüşini – spraýty surata aldy. Surat stansiýa Meksika bilen ABŞ-nyň üstünden uçup geçen wagty düşürildi. Aýersiň aýtmagyna görä, şeýle surat alymlara spraýtlaryň tebigatyna, olaryň aýratynlyklaryna we tupan bilen baglanyşygyna has gowy düşünmäge kömek edýär...

27.06.2025 20:25
14k+

Dünýäniň iň gurak ýerleriniň biri bolan Atakama çölüni gar örtdi

Çiliniň demirgazygynda Atakama çölünde gar ýagdy. Bu çöl Ýer ýüzünde iň gurak sebitleriň biri hökmünde tanalýar. Şeýle-de bolsa, bu seýrek hadysa ALMA (Atacama Large Millimeter/submillimeter Array) obserwatoriýasynyň sosial ulgamlarynda paýlaşylan wideolarynda görkezildi...